Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi etrabyň bilim bölümi bilen bilelikde etrapdaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 50-nji orta mekdebinde ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýän türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli okuwçy ýaşlaryň döredijiligiň şekillendiriş sungaty görnüşine bolan höweslerini artdyrmak, ýaş suratkeşleriň arasynda täze zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen “Türkmen bedewiniň keşbi çagalaryň döredijiliginde” atly döredijilik bäsleşigini geçirdi. Oňa etrabyň orta mekdeplerinden döredijiligiň surat çekmek ugry boýunça meşgullanýan okuwçy ýaşlar gatnaşdy.
Bäsleşikde okuwçylar türkmeniň milli buýsanjy bolan bedew atlarymyzy wasp etmekde bäsleşdiler. Ýaş suratkeşleriň çeken suratlaryna eminler toparynyň agzalary baha berip, bäsleşigiň ýeňijilerini yglan etdiler. Şeýlelikde, etrapdaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 65-nji ota mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Kakamyrat Arazowyň, daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 50-nji ota mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Aýjahan Arazmedowanyň, şeýle hem, 19-njy orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Mahym Jumaniýazowanyň işleri öňdäki orunlara mynasyp boldular. Ýeňiji bolan okuwçylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşiniň Hormat hatlary gowşuryldy.
Güljemile AŞYROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.