ÝAŞLAR-BIZIŇ GELJEGIMIZDIR

Ýakynda Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň 1-nji orta mekdebinde Türkmenistan Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Darganata etrap Geňeşi, Darganata etrap bilim bölümi, jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda ýaşlaryň arasynda zyýanly endiklere garşy göreşi güýçlendirmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen «Ýaşlar – biziň geljegimizdir» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýandygy, şeýle hem şu maksat bilen ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, hünär taýdan kämilleşmegi, giň dünýä garaýyşly, eziz Watanymyza wepaly şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ähli şertleriň döredilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Firuza BAGTYÝAROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar Guramasynyň Lebap welaýatynyň

Darganata etrap Geňeşiniň başlygynyň w.w.ýe.ýe.

 

Meňzeş habarlar

24 Sentýabr 2025 | 33 okalan

SPORT SAGLYK – SAGDYNLYK

24 Sentýabr 2025 | 27 okalan

ÝOLLARYMYZ ASUDA – ILLERIMIZ ABADAN

24 Sentýabr 2025 | 27 okalan

KITAP ÝAŞLARYŇ GÖWÜN SYRDAŞY