KITAP ÝAŞLARYŇ GÖWÜN SYRDAŞY

Ýakynda Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Seýdi şäher kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşiniň guramagynda ýaş okyjylaryň gatnaşmagynda ýaşlarda kitaba bolan söýgini güýçlendirmek, olarda Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň döwet galamyndan syzylyp çykan gymmatly eserleriniň üsti bilen watançylyk duýgularyny, milli mirasa sarpany, zähmete söýgini döretmek maksady bilen «Kitap ýaşlaryň göwün syrdaşy» ady bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda kitaphana müdiri Maral Durdyýewa, kitaphanaçy Nasiba Täjiýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni Dursunjemal Saryýewa çykyş etdiler.

Olar özleriniň çykyşlarynda kitaphananyň bilim ojagy, akyl çesmesi, paýhas öýi hasaplanýandygyny, şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň her bir eseriniň biziň üçin ýolumyza şugla çaýýan şamçyrag, edep-terbiýe mekdebi bolýandygy dogrusynda giňişleýin belläp geçdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Dursunjemal SARYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Dänew etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

07 Noýabr 2025 | 34 okalan

EDEBIŇ BAŞY SALAMDAN BAŞLANÝAR

03 Noýabr 2025 | 91 okalan

WOLEÝBOL ÝARYŞY GEÇIRILDI

03 Noýabr 2025 | 118 okalan

SPORT ÝARYŞY GEÇIRILDI