Golaýda, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň 1-nji sport mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap Geňeşiniň hem-de Köýtendag etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň mekdep okuwçylarynyň arasynda ýaş ýetginjekleriň sporta bolan höwesini has-da artdyrmak maksady bilen sportuň şaşka, küşt, şeýle hem düzzüm görnüşleri boýunça ýaryş geçirildi.
Bu ýaryşa etrabyň orta mekdeplerinde okaýan 8 we 16 ýaşly okuwçylary gatnaşdylar. Ýaryş örän gyzykly we çekeleşikli ýagdaýda geçdi. Geçirilen ýaryşa gatnaşyjylara hem-de tapawutlanyp baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaş nesillere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Roza TAŞPOLATOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Köýtendag etrap Geňeşiniň uly hasapçysy.












