KÄMIL ÝAŞLAR RÖWŞEN GELJEGIMIZDIR

Golaýda, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň 19-njy orta mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap Geňeşiniň hem-de Köýtendag etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda, mekdebiň ýokary synp okuwçylarynyň gatnaşmagynda «Kämil ýaşlar röwşen geljegimizdir» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Onuň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýaşlaryň medeni-köpçülik çärelerine gatnaşmagy, zehinlerini kämilleşdirmegi, ylym-bilim babatda tejribe toplamagy, dünýä derejesinde ussat hünärmenler bolup ýetişmekleri barada giňden çykyşlar edildi.

Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar, Türkmenistan Watanymyzda ýaş nesilleriň kämil derejede ylym-bilim almagy, olaryň bagtyýar durmuşy, bagtly geljegi hakyndaky aladany ähli zatdan ileri tutýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Şahnoza GAPPAROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Köýtendag etrap Geňeşiniň sanly

Ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

03 Noýabr 2025 | 11 okalan

WOLEÝBOL ÝARYŞY GEÇIRILDI

03 Noýabr 2025 | 12 okalan

SPORT ÝARYŞY GEÇIRILDI

03 Noýabr 2025 | 14 okalan

KÄMIL ÝAŞLAR RÖWŞEN GELJEGIMIZDIR