Ýakynda Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň 1-nji sport mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap Geňeşiniň, Hojambaz etrap bilim bölüminiň hem-de etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň sport mekdebine gatnaýan çagalarynyň gatnaşmagynda «Sagdyn nesil – bagtyýar durmuş» atly sportuň şaşka görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi.
Bäsleşik ýaş nesilleriň şaşka sportuna bolan höwesini ýokarlandyrmak maksady bilen geçirildi. Uly ruhubelentlige beslenen bäsleşik, ýaş türgenleriň ussatlyklaryny aýan etdi.
Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar, ýurdumyzy bagtyýar çagalygyň mekanyna öwüren, çagalaryň sport we döredijilik bilen meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Ergeş ABDYRAHMANOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Hojambaz etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň müdiri.












