SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI – ARKADAGYŇ GÖRELDESI

Golaýda, Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň 6-njy sport mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşiniň guramagynda etrabyň 4-nji hem-de 6-njy sport mekdepleriniň ýaş türgenleriniň gatnaşmagynda «Sagdyn durmuş ýörelgesi – Arkadagyň göreldesi» ady bilen sportuň erkin göreş ugry boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşige gatnaşan ýaş türgenler öz aralarynda ýokary ussatlyk bilen çykyş edip öz başarnyklaryny görkezdiler.

Bäsleşigiň ahyrynda ýeňiji bolan ýaş türgenlere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Ýaş türgenler şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Rahmet BEŞIMOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşiniň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

03 Noýabr 2025 | 11 okalan

WOLEÝBOL ÝARYŞY GEÇIRILDI

03 Noýabr 2025 | 12 okalan

SPORT ÝARYŞY GEÇIRILDI

03 Noýabr 2025 | 14 okalan

KÄMIL ÝAŞLAR RÖWŞEN GELJEGIMIZDIR