SPORT – BEDEN WE RUHY KÄMILLIGIŇ SAZLAŞYGY

Ýakynda, Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň 3-nji sport mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Darganata etrap Geňeşiniň guramagynda sport mekdebine gatnaýan ýaşlaryň arasynda boş wagtlaryny ýerlikli peýdalanmak maksady bilen «Sport – beden we ruhy kämilligiň sazlaşygy» ady bilen sportyň «Tennis» görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi.

Bu bäsleşik çekeleşikli ýagdaýda geçdi. Bäsleşikde ýetginjekler ukyp-başarnyklaryny aýdyňlyk bilen açyp görkezdiler. Şeýlelik-de geçirilen sport bäsleşiginde I orna Möwlamgylyjow Möwlamgylyç, II orna Jeýhunow Arslan, III orna Agabaýew Agabaý mynasyp boldular.

Ýeňiji bolan okuwçylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Darganata etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar hem-de Hormat hatlary gowşuryldy.

Roza SAPAROWA,

Türkmenistanyñ Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Darganata etrap Geňeşiniň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

03 Noýabr 2025 | 11 okalan

WOLEÝBOL ÝARYŞY GEÇIRILDI

03 Noýabr 2025 | 12 okalan

SPORT ÝARYŞY GEÇIRILDI

03 Noýabr 2025 | 14 okalan

KÄMIL ÝAŞLAR RÖWŞEN GELJEGIMIZDIR