Golaýda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşiniň we etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň orta mekdepleriniň 10 – 12-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlarynyň arasynda «Haly dokar ellerim, gazal aýdar dillerim» atly bäsleşiginiň etrap tapgyry geçirildi.
Bäsleşige gatnaşan okuwçy gyzlar 3 sany şert boýunça öz aralarynda bäsleşdiler.
I şerti bäsleşige gatnaşýan gyzlar milli egin-eşiklerini geýip, ony şahyrana wasp edip özleri bilen tanyşdyrmaly;
II şerti türkmen milli tagamlarynyň arasynda naýbaşylarynyň biri hasaplanylýan unaşyny bir sazyň dowamynda kesmeli;
III şerti «Hünärim bar – hormatym bar» atly şertinde bäsleşige gatnaşýan gyzlar ene-mamalarymyzdan miras galan el işlerini ýerine ýetirmeli;
Bu bäsleşikde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni Nasiba Şeraliýewa, Lebap welaýatynyň Çärjew etrap bilim bölüminiň hünärmeni Umida Rüstemowa, Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň müdiri Gülzire Gurdowa eminlik etdiler.
«Haly dokar ellerim, gazal aýdar dillerim» atly bäsleşigiň etrap tapgyrynda I orna Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 8-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Altyýewa Leýli, II orna Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 18-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Zafarjanowa Merjen, III orna Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň 6-njy orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Mansurowa Züleýha mynasyp boldular.
Bäsleşikde ýeňiji bolan okuwçylar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlar we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandylar.
Aýgül NYÝAZMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.












