Golaýda Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň 31-nji orta mekdebiniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşi, Halaç etrap medeniýet bölümi hem-de Halaç etrap Bilim bölümi bilen bilelikde guramagynda etrabyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçy oglan-gyzlarynyň arasynda «Sözi paýhas bezär, sazy-sungat» atly aýdym sazly bäsleşiginiň Halaç etrap tapgyry geçirildi. Bäsleşige gatnaşanlar iki şert boýunça özleriniň ukyp başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşigiň 1-nji şerti Watanymyzyň Garaşsyzlygyny, Bitaraplygyny, rowaçlygyny asudalygyny, bagtyýar we parahat zamanamyzy wasp edýän estrada aýdymy (ýekelikde) ýerine ýetirmek. 2-nji şerti erkin mowzukda öz islegine görä estrada aýdymy (ýekelikde) ýerine ýetirmek boldy. Örän gyzgalaňly hem-de çekeleşikli geçen bu bäsleşikde I orna, Halaç etrabynyň 8-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Hamidow Şöhrat, II orna, Halaç etrabynyň 22-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Hudaýberenow Döwlet, III orna, Halaç etrabynyň 3-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Nepesow Baýram, III orna 11-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Akmyradow Atajan, III orna 7-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Berdimyradow Aly dagylar mynasyp boldular.
Bäsleşigiň ýeňijilerine we bäsleşige gatnaşyjylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary hem-de Hormat hatlary gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşanlar ýaşlar barada edilýän bimöçber aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz alkyşlaryny bildirip, olaryň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Şirinaý ÖWLÝAGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Halaç
etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.