BAGTYÝARDYR NESILLER SIZIŇ BILEN ARKADAGYMYZ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZ!

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi, «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň gatnaşmagynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň many-mazmunyny wagyz etmek maksady bilen «Nesillere ýörelgedir, Arkadagyň, Arkadagly Gahryman Serdaryň eserleri» atly duşuşyk çäresini geçirdi. Duşuşyk çäresinde merkezde dynç alýan çagalaryň wagtlaryny has-da gyzykly we ýatda galyjy ajaýyp pursatlara baý etmek maksady bilen Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleriniň ýaşlar üçin görelde nusgalyk mekdepdigi barada uly buýsanç bilen gürrüňler edildi. Bagtyýar nesiller özlerine döredilýän ähli mümkinçilikler we şertler üçin, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlaryny aýtdylar.

Kakabaý DURDYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň

umumy bölüminiň sanly ulgam boýunça

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

16 Iýun 2025 | 0 okalan

SPORT – SAGLYK

14 Iýun 2025 | 298 okalan

GÖZEL ÜLKÄMI WASP EDÝÄRIN