Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini gyzykly hem peýdaly geçirmeklerini gazanmak maksady bilen aýdym-sazly çykyşlar, sport ýaryşlary, döredijilik bäsleşikleri yzygiderli gurnalýar.
Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşi tarapyndan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Arzuw» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň gatnaşmagynda «Arkadag Serdarly bagtyýar nesiller» atly sportuň kiçi futbol görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi. Çekeleşikli geçen bäsleşikde ýeňiji bolan toparlara TMÝG-niň Türkmenbaşy etrap Geňeşi tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.
Sport çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň mynasyp bilim-terbiýe hem-de göwnejaý dynç almagy, sport we döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Gültäç ALYHANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň
Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň esasy
hünärmeni.