TEHNOLOGIÝANYŇ GELJEGI NAZARLAÝAN ULGAMLARY

Tehnologiýa dünýäsi soňky ýyllarda örän çalt tizlik bilen ösýär. Dünýäniň ösen döwletleriniň öňdebaryjy kompaniýalary gündelik durmuşymyza täsir edýän, täze mümkinçilikleri döredýän we iş ulgamyny täzeden kesgitleýän innowasiýalary hödürleýärler.

2025-nji ýylyň ilkinji ýarymynda sanly dünýädäki möhüm täzelikleriň hatarynda emeli aň ulgamynyň (AI) giňden ornaşdyrylmagy aýratyn bellärliklidir. Emeli aň diňe bir maglumat işlemek ýa-da ses tanamak bilen çäklenmän, eýsem lukmançylyk, bilim, önümçilik we döredijilik ýaly ugurlarda hem giň gerimde ulanylýar.

Şeýle hem, sanly howpsuzlyk meseleleri hem gün tertibiniň öň hatarynda durýar. Tehnologiýanyň ösmegi bilen internet giňişliginde dürli hili howplar we päsgelçilikler hem artýar. Şonuň üçin dünýä kompaniýalary täze howpsuzlyk ulgamlaryny döretmekde işleri alyp barýarlar. Biometrik goraglar, şifrleme tehnologiýalary we awtomatlaşdyrylan gözegçilik ulgamlary bu ugry goraýar we güýçlendirýär.

Laçyn KAKAJANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň

Umumy bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

06 Awgust 2025 | 29 okalan

DIL BILMEK – DÜNÝÄNI ÖWRENMEK

06 Awgust 2025 | 1856 okalan

TEHNOLOGIÝANYŇ GELJEGI NAZARLAÝAN ULGAMLARY

06 Awgust 2025 | 2492 okalan

TÜRKMENISTANYŇ HALKARA BAŞLANGYÇLARY