BÜTINDÜNÝÄ YNSANPERWER KÖMEGINIŇ GÜNI

Her ýylyň 19-njy awgustynda Bütindünýä ynsanperwer kömeginiň güni bellenilýär. Bu sene 2008-nji ýylyň dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň karary bilen yglan edildi.

Bu senäni halkara senenamasyna girizmek bilen BMG adamzat jemgyýetine dünýäniň dürli künjeklerinde alnyp barylýan ynsanperwer kömek çäreleri barada has giň düşünje bermek wezipesini öňe sürýär. Şeýle hem, bu gün halkara hyzmatdaşlykda ynsanperwerlik ýörelgäniň ähmiýetini ýatladýar we bu ugurda birnäçe işleri bitiren we bitirýän ähli işgärlere hormat goýulýandygyny görkezýär.

Her ýyl Bütindünýä ynsanperwer kömek güni belli bir temanyň çäginde bellenilýär. Şol tema boýunça ynsanperwer hyzmatdaşlar krizisden ejir çeken adamlary halas etmek, olaryň asudalygyna, erkinligine we mertebesine hormat goýmagy üpjün etmek, şeýle hem ynsanperwer işgärleriň howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda bähbitli işleri alyp barýarlar. Bu çäreler BMG-niň Ynsanperwer meseleleri utgaşdyrmak müdirligi (OCHA) tarapyndan ýola goýulýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri — halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi bolup durýar. Bu syýasat türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp durmuşa geçirilýär. Bu ugurda ynsanperwer gatnaşyklaryna aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmen halkyna asyrlaryň dowamynda parahatçylyk söýüjilik, goňşuçylyk we özara kömek ýörelgeleri mahsus bolup, olar nesilden-nesle geçirilip gelýär.

Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli we oňyn daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek arkaly, sebitleýin we ählumumy derejede ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly goşant goşýandygyny nygtamak gerek. Bu ugur özara düşünişmek, hormat we ynanyşmak esasynda halkara gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhüm bölegi bolup çykyş edýär.

Maksat ÝAZBERDIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň

Mary welaýat Geňeşiniň baş buhgalteri.

Meňzeş habarlar