Tejen etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Milli Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda Tejen etrabyndaky ýöriteleşdirilen Dikeldiş merkeziniň mejlisler jaýynda sagdyn durmuş ýörelgelerini, arassa ahlaklylygy, ynsanperwerligi, ruhy tämizligi, milliligi, watansöýüjiligi, türkmen gelin-gyzlaryna mahsus bolan agraslygy, asyllylygy wagyz-nesihat etmek, ýaşlaryň ýaramaz endiklerden, ýüze çykýan nogsanlyklardan, jemgyýetçilik ýerlerinde bidüzgünçiligi ýüze çykarýan hereketlerden daşda durmaklaryny düşündirmek maksady bilen «Sagdyn ýaşlar – bagtyýarlyk döwrümiziň aýnasydyr» atly şygar astynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda etrabyň ilkinji ýaşlar guramalarynyň başlyklary, Tejen etrap häkimliginiň wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler we saglyk ulgamynda zähmet çekýän işgärler gatnaşdylar.
Duşuşykda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň asuda, abadan durmuşy ündeýän, adyllyga ýugrulan ynsanperwer syýasatlarynyň, ýaşlar barada edýän aladalarynyň netijesinde, ähli mümkinçilikleri bolan döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan sport desgalarynyň, bilim ojaklarynyň yzygiderli gurlup ulanylmaga berilmegi bilen ýaşlaryň ylymly, bilimli adamlar bolup ýetişmekleri, ýaş nesilleriň boş wagtlaryny ýerlikli peýdalanmaklary üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigini nygtap, ýaşlary ýaramaz endiklerden daşda durmaga, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, watansöýüji adamlar bolup ýetişmeklige çagyrdylar. Şeýle-de çykyşlarda ýaramaz endikleriň adam saglygyna, nesil terbiýesine ýetirýän zyýanlary barada birin-birin durlup geçildi we ýaşlara edep-terbiýelilik, arassa ahlaklylyk häsiýetleri ündeldi.
Wagyz-nesihat duşuşygynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sagdyn ýaşaýşy berkarar etmek, adam mertebesini belende galdyrmak, halkymyzyň asuda, bolelin durmuşda ýaşamagy, ýaş nesillerimiziň berk bedenli bolup ýetişmekleri üçin uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Aýnagözel ANNAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap Geňeşiniň
Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.