Üstünliklere beslenjek täze 2018-nji ýylymyz şatlyk-şowhun bilen garşylandy. Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynda hem milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda döwletimiziň ösüş-özgerişlerinde beýik işler dowam etdirilýär. Milli ykdysadyýetimiz ösüşiň durnukly depginlerine eýe bolup, senagat pudagynda, oba hojalyk toplumynda, ylym, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynda durmuş-ykdysady özgertmeler ajaýyp miwelerini berýär. Senagatlaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, ýurdumyzda çykarylýan önümleriň eksportuny artdyrmak işleri çalt depginler bilen durmuşa geçirilýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny» amala aşyrmagyň çäklerinde giň gerimli işler durmuşa ornaşdyrylýar. Ýangyç-energetika toplumynda, elektroenergetika ulgamynda, obasenagat toplumynda, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar.
Geçen hepdäniň wakalarynyň arasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmek hem-de olary döwrüň talaplaryna laýyk getirmek, etraplary we şäherleri giňeltmek hem-de olaryň taryhy atlaryny dikeltmek barada beren tabşyryklaryna laýyklykda «Ahal welaýatynyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meseleleri hakynda» we «Aşgabat şäheriniň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meseleleri hakynda» Mejlisiň kararlary kabul edildi. Bu barada paýtagtymyzda, Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezinde Mejlisiň deputatlarynyň, ýerli häkimlikleriň, kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, jogapkär işgärleriniň, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda maslahatlar geçirildi. Maslahata gatnaşyjylar, ýaşuly nesliň wekilleri etraplaryň we şäherleriň taryhy atlaryny dikeltmek baradaky teklipleri üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa özleriniň hoşallyklaryny bildirdiler. Maslahatda üstümizdäki ýylyň 25-nji martynda Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny guramaçylykly geçirmäge hem-de Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, okrug we Geňeşlik saýlaw toparlaryny döretmek işleri barada habar berildi.
Geçen hepdäniň dowamynda Italiýanyň döwlet teleradiogepleşikleri korporasiýasynyň «Rai 3» ýaýlymynyň Türkmenistany 2018-nji ýylda iň gowy syýahatçylyk ugurlarynyň biri hökmünde atlandyrandygy iň ýakymly pursatlaryň biri boldy. Bu ýaýlymyň medeniýet baradaky gepleşiklere aýratyn üns bermegi, yklymlar boýunça syýahatlar baradaky filmleriň köp seriýaly tapgyryndan soň, tomaşaçylaryň arasynda sorag-jogap arkaly meşhur ugurlaryň sanawy düzüldi. Ine, şu esasda hem ses bermegiň netijesinde ýurdumyz «Taryh» derejesinde birinji orna mynasyp boldy. Türkmen halky asyrlarboýy myhmansöýerligiň asylly milli däpleri bilen tanalýar. Halkara syýahatçylyk merkezi hökmünde tanalýan ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda syýahatçylyk ulgamynyň döwrebap düzümi, netijeli nusgasy kemala gelýär. Bu bolsa Türkmenistan döwletimize bu ugurda halkara derejesini artdyryp, syýahatçylyk babatynda has-da ähmiýetli orunlary eýelemäge mümkinçilik berýär. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen ýadygärlikleri öz içine alýan Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça gezelenç meşhur ugurlaryň birine öwrülýär.
Umuman, ösüşli özgerişleriň netijesinde geçen hepde dürli wakalara baý boldy. Geçirilýän çäreler, maslahatlar, wakalar, kabul edilen kararlar öz beýanyny tapdy.
“Nesil” gazeti,
09.01.2018ý.












