ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGY — ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň, etrap Polisiýa bölüminiň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň 21-nji orta mekdebinde okuwçylaryň gatnaşmagynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň uly buhgalteri Batyr Jumahanow, etrap Polisiýa bölüminiň Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi boýunça bölümçesiniň gözegçisi Rahym Taganow, etrabyň ilaty pasportlaşdyrmak we hasaba alyş bölüminiň gözegçisi Ezberhoja Rozyýew, Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň 614-nji Ýangyn howpsuzlyk bölüminiň müdiri Serdar Çopanow, etrap Polisiýa bölüminiň ýol gözegçiligi gullugynyň ýol gözegçilik bölüminiň kiçi gözegçisi Polisiýanyň uly seržandy Parahat Saparmyradow, etrap Polisiýa bölüminiň 4-nji toparynyň gözegçisi Saýlow Myratyýew dagylar çykyş edip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda gazanylýan ösüşler, amala aşyrylýan özgertmeler barada, şeýle hem köçe we ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmegiň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar eziz Watanymyzy bedew bady bilen öňe alyp barýan, halkyň bagtyýarlygy, erkanalygy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Mähri SAPAROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Mary welaýat Geňeşiniň hasapçy-buhgalteri.

Meňzeş habarlar

24 Sentýabr 2025 | 15 okalan

WAGYZ- NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

24 Sentýabr 2025 | 13 okalan

EDEBI MIRASYMYZ – EBEDI MIRASYMYZ