Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda üstünlikli alnyp barylýan Türkmenistanyň daşary syýasaty köptaraplaýyn we toplumlaýyn häsiýete eýedir. Munuň şeýledigini döwletimiziň dünýä döwletleri bilen alyp barýan hoşniýetli gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmeginde hem aýdyň görmek bolýar. Bu Aziýa — Ýuwaş ummany sebiti babatynda hem şeýledir. Türkmenistanyň daşary syýasatynda Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň döwletleri, şol sanda ösen ykdysadyýetli we özboluşly medeniýeti bolan Ýaponiýa döwleti bilen syýasy, ykdysady hem-de medeni-gumanitar gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmek ileri tutulýan ugurlaryň hataryndadyr. Ýaponiýa Aziýa — Ýuwaş ummany sebitinde iri we dünýäde kuwwatly döwletleriň biridir.
Türkmenistan we Ýaponiýa häzirki wagtda täze taryhy şertlerinde ösýän dostlukly gatnaşyklarynyň däplerine ygrarlydygyny görkezip, ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Döwletara hem-de hökümetara derejesinde geçirilýän duşuşyklar Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň köpugurly hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmeklige ygrarlydygyny tassyklaýar.
Hormatly Prezidentimiziň 2009-njy ýylda Ýaponiýa döwletine bolan ilkinji sapary täze taryhy eýýamda döwletara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmekde aýratyn ähmiýete eýe boldy. Şol saparyň barşynda iki ýurduň arasyndaky ykdysady, gumanitar we beýleki ugurlardaky gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna uly badalga berildi. Medeni-gumanitar hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda ylym, bilim we medeniýet ulgamy boýunça özara arkalaşykly hereket edilmegini işjeňleşdirmek örän möhüm ugur bolup durýar.
2013-nji ýylyň 3-nji maýynda Türkmenistanyň Ýaponiýada ilçihanasy açyldy. Şol ýylyň sentýabrynda bolsa hormatly Prezidentimiziň bu döwlete nobatdaky resmi sapary amala aşyryldy. Bu, ilkinji nobatda, netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda we şertnama-hukuk binýadyny has-da berkitmekde täze tapgyr boldy. Saparyň dowamynda geçirilen duşuşyklaryň barşynda birek-birege ynanyşmak we milli bähbitleri nazara almak esasynda türkmen-ýapon halklarynyň arasyndaky ýola goýlan hoşniýetli hyzmatdaşlygy mundan beýläkde ösdürmegiň geljekki ugurlary kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiziň resmi saparynyň çäklerinde «Ygtybarly hyzmatdaşlygyň röwşen geljegi» atly türkmen-ýapon forumyna gatnaşandygyny we çykyş edendigini aýratyn bellemek zerurdyr.
Türkmenistanyň Prezidenti 2015-nji ýylyň martynda Ýaponiýada iş saparynda bolup, Sendaý şäherinde geçirilen BMG-niň tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak baradaky III Bütindünýä sammitine gatnaşdy. Saparyň barşynda türkmen Lideri imperator Akihito tarapyndan kabul edildi. Türkmenistanyň Baştutany «ITOCHU», «TOYO Engineering», «Chiyoda», «Kawasaki Heavy Industries», «Mitsubishi», «Sumitomo», «Mambeni», «Toshiba», «Komatsu» ýaly iri ýapon korporasiýalarynyň ýolbaşçylary we beýlekiler bilen işewür duşuşyk geçirdi. Hormatly Prezidentimize Sukuba uniwersitetiniň Hormatly doktory diýen alymlyk derejesi berildi.
2015-nji ýylyň oktýabrynda Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe Türkmenistanda resmi saparda boldy. Saparyň netijesi boýunça resminamalaryň 10-syna gol çekildi.
Häzirki wagtda däp bolan türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak hem-de ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bardyr. Hususan-da, ýaponiýaly hyzmatdaşlar Türkmenistan bilen iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, şol sanda saglygy goraýyş ulgamynda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge aýratyn ähmiýet berýärler. Ykdysadyýet, bilim we ylym, hünärmenleri alyşmak we ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak ulgamlary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Munuň özi Türkmenistanyň innowasion ösüş we ýurdy tehnologiki taýdan düýpli döwrebaplaşdyrmak babatdaky ugruny nazara almak bilen, aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şeýlelikde, ýaponiýaly hyzmatdaşlaryň tejribesi türkmen paýtagtynda döredilen Tehnologiýalar merkezinde hem iş ýüzünde ulanyldy.
Ýangyç-energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk hem, ikitaraplaýyn gatnaşyklarda wajyp orny eýeleýär. 2013-nji ýylyň maý aýynda biziň ýurdumyzyň hökümet wekiliýetiniň Ýaponiýa bolan resmi saparynyň dowamynda polietileni we polipropileni öndürmek boýunça gazhimiýa toplumyny gurmak barada «Türkmengaz» döwlet konserni, «LG International Corp», «Hyundai Engineering» (Koreýa Respublikasy) we «TOYO Engineering Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýalarynyň arasynda üç taraplaýyn ylalaşyk baglaşyldy. Şu nukdaýnazardan Gyýanly şäherçesindäki polietilen we polipropilen öndürýän täze gazhimiýa toplumynyň gurluşygyny maliýeleşdirmek boýunça umumy bahasy ABŞ-nyň 2,5 milliard dollaryndan gowrak bolan karz ylalaşyklarynda Ýaponiýanyň maýa goýumynyň bardygyny bellemek möhümdir.
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin, hakykatdan-da, oňaýly mümkinçilikler döredilýär. Sazlaşykly ösüşi gazanýan Türkmenistan milli ykdysadyýetiň döwrebaplaşdyrylmagyny, şol sanda täze pudaklaryň döredilmegini ileri tutup, innowasion işläp taýýarlamalaryň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyny ugur edinýär. Öz gezeginde Ýaponiýa şu ugur boýunça dünýäde öňdebaryjy döwlet hökmünde ykrar edilip, geljegi uly bolan türkmen bazaryndaky gatnaşyklaryň giňeldilmegine hem-de işewür gepleşikleriň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna gyzyklanma bildirýär. Bu ugurdaky tagallalary oňaýly ugurlara gönükdirmek üçin ähli şertler döredilýär. Türkmenistan bilen işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýýan we netijeli işleýän ýapon kompaniýalary bar. Hususan-da, hyzmatdaşlyk boýunça, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda, ulag we aragatnaşykda, gaýtadan işleýän senagatda, saglygy goraýyş ulgamynda, himiýa senagatynda, dokma we beýleki pudaklarda täze tehnologiýalar we enjamlar ornaşdyrylýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň Ýaponiýa bilen gatnaşyklarynyň medeni-ynsanperwer ugry aýratyn ösüşe eýe bolýar. Geçirilýän ikitaraplaýyn çäreler bu gatnaşyklaryň ilerlemegine hem ýakyndan täsir edýär. Ýurdumyzda geçirilýän halkara maslahatlara, sergilere, festiwallara ýapon alymlary, medeniýet we sungat işgärleri işjeň gatnaşýarlar. 2013-nji ýylda Aşgabatda Ýaponiýanyň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda ýapon medeniýetiniň hepdeligi geçirildi. Däp bolşy ýaly, her ýylda ýurdumyzda häzirki zaman ýapon aýdym-sazynyň agşamy, ýapon filmleri görkezilýär. Oňa paýtagtymyzyň giň jemgyýetçiliginiň, şeýle hem diplomatik wekilhanalaryň wekilleri gatnaşýarlar. Mundan başga-da, Ýaponiýada her ýylda geçirilýän «JATA Travel schowcase» halkara syýahatçylyk sergisine Türkmenistanyň gatnaşmagy türkmen-ýapon ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösýändiginiň miwesidir.
Iki döwletiň arasynda ylym-bilim gatnaşyklary hem giňden ösdürilýär. 2007-nji ýylda D.Azady adyndaky TMDDI-de ýapon dili hünäri açyldy. Sukuba uniwersiteti bilen D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň arasynda ylmy alyşmalar we hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekildi. Agzalan ýokary okuw mekdepleriniň arasynda talyp we mugallym alyş-çalşy ýola goýuldy. «Türkmen owazy» teleradioýaýlymy «Sony» korporasiýasynyň audio-wideo enjamlary bilen üpjün edildi. Bu korporasiýa Türkmenistana lukmançylyk enjamlaryny ibermek babatda hem hyzmatdaşlygy giňeldýär. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna ýapon kompaniýalarynyň lukmançylyk enjamlary yzygider ornaşdyrylýar. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti hem-de türkmen-ýapon orta mekdebi açyldy. Türkmenistanyň orta we ýokary okuw mekdepleriniň köpüsinde ýapon dili dersi girizildi. 2016-njy ýylda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Ýaponiýanyň medeniýet-bilim merkezi açyldy. Şeýle hem Tokionyň daşary ýurt dilleri uniwersitetinde türkmen dili okadylyp başlandy.
2017-nji ýylda Tokio şäheriniň «Palaсe» myhmanhanasynda Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň, Parlamentiniň deputatlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň we professorlarynyň, kompaniýalaryň wekilleriniň hem-de beýleki ýapon jemgyýetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Soňra Türkmenistanyň Medeniýet günleri Ýaponiýanyň Ýamagata prefekturasynyň Tendo şäherinde dowam etdi. Tendo şäheriniň «Şimin plaza» konsertler merkezinde türkmen medeniýetiniň sergisi guraldy. «Sport bagy» seýilgähinde açyk howada Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň şowhunly konserti boldy. Onda ýapon tagamlarynyň we türkmen milli tagamlarynyň taýýarlanylyşy görkezilip, gatnaşyjylara hödür edildi.
Şeýlelikde, soňky ýyllarda ýapon-türkmen gatnaşyklarynyň ösüşi okgunly häsiýete eýe bolmak bilen, bu babatda amala aşyrylýan işler hyzmatdaşlygyň täze belentliklerine ýetmegine täsir edýär. Hormatly Prezidentimiziň Ýaponiýa nobatdaky iş sapary hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze mazmuna eýe bolmagyna ýardam eder.
Akmuhammet JUMAGULYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.
“Nesil” gazeti,
22.10.2019ý.