Paýtagtymyzdaky Türkmen halysynyň milli muzeýinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen bilelikde guramagynda «Türkmen milli halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawynda» ady bilen aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabaranyň başynda ýurdumyzyň dürli künjeginden gelen alymlar, halyçy zenanlar, ýokary okuw mekdepleriň bagtyýar talyp ýaşlary, mekdep okuwçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri haly önümlerinden taýýarlanan sergini synladylar. Sergide dürli görnüşdäki we ölçegdäki halylaryň dokalyş aýratynlyklary bilen tanyşdylar. Olar muzeý işgärlerine, şeýle-de halyçy zenanlara özlerini gyzyklandyrýan sowallary berdiler. Türkmen halysyndaky ýerleşdirilýän gölleriň döreýiş taryhy baradaky rowaýatlar hasda uly täsir galdyrdy.
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebiniň aýdym-saz toparynyň bagtyýarlyk döwrümizi, türkmen halysyny we halyçy gelin-gyzlarymyzy wasp edip ýerine ýetiren aýdymdyr sazlary dabaranyň şowhunyny artdyrdy. Türkmen halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli geçirilen aýdym-sazly dabaranyň ahyrynda milli mirasymyzy dikelden, halkymyzy eşretli zamana ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp baran il-ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Bägül BEKÇIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň esasy hünärmeni.
“Nesil” gazeti,
16.01.2020ý.