Pederlerimiz watansöýüjiligiň, mertligiň, gaýratlylygyň, gaýduwsyzlygyň, lebzihalallygyň, birsözlüligiň gaýtalanmajak nusgalyk ýoluny miras govupdyrlar. Watan mukaddesligini ýaşlara ündemek, olara ýurdumyzyň gülläp ösüşine mynasyp goşant goşmaga höweslendirmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi edarasynyň mejlisler jaýynda «Watan we halk diýen gudratly sözler — ýaşlarymyzyň dilleriniň senasy» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Wagyz-nesihat duşuşygynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ýagty ertiriniň eýeleri bolan ýaşlaryň döwrüň ösen talaplaryna laýyk derejede bilimli, terbiýeli bolmagy, hünär almagy we ylmy döredijilige ugrukmagy, ata Watanymyza, halkymyza, pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin netijeli işleriň yzygiderli durmuşa geçirilýändigi dogrusynda täsirli gürrüňleri etdiler. Ýurdumyzy bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklerine sary alyp barýan, ata Watanymyzyň bagtyýar geljegini ýaşlarymyz bilen berk baglanyşdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.
“Nesil” gazeti,
14.01.2020ý.