SANLY YKDYSADYÝET — DÖWREBAPLYGYŇ BINÝADY

Günsaýyn ösüşiň täze belentliklerine sary ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzyň milli ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak, sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak, elektron senagatyny ösdürmek, innowasion önümçiligi artdyrmak boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda, ýurdumyzyň maliýe ulgamynda hem sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň maliýe ulgamyny sanlaşdyrmak maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar. Konsepsiýanyň çäginde bu ugurda aýratyn Döwlet maksatnamasy hem-de ony amala aşyrmagyň çäreleriniň meýilnamasy hereket edýär. Sanly tehnologiýalaryň maliýe ulgamyna ornaşdyrylmagy bu pudagy ösdürmeklige, ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmaga, diwersifikasiýalaşdyrmaga hem-de höweslendirmäge, durnukly ykdysady ösüşi saklamaga, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň hilini gowulandyrmaga gönükdirilendir.

Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» ýurdumyzy sanly ulgam esasynda ösdürmegiň maksadyny, wezipelerini we esasy ugurlaryny kesgitläp, ol 3 tapgyrda durmuşa geçirilýär.

Konsepsiýanyň birinji tapgyry 2019-njy ýylda üstünlikli ýerine ýetirildi. Bu tapgyrda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edaranyň bellenilmegi, sanly ykdysadyýeti ösdürmek bilen bagly wezipeleri amala aşyrmak boýunça Pudagara toparyň döredilmegi hem-de ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Döwlet maksatnamasynyň we ony amala aşyrmagyň çäreleriniň meýilnamasynyň işlenip taýýarlanylmagy özüniň oňyn netijelerini berdi.

Şeýle-de bu tapgyrda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalar binýady seljerilip, edaralaryň, kärhanalaryň, guramalaryň sanly ykdysadyýeti ösdürmekde taýýarlyk derejeleri kesgitlenildi hem-de olaryň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça bäsleşikleri yglan etmek, kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, sanly ykdysadyýetiň ösýän şertlerinde tejribesi bolan milli we halkara bilermenlerini işe çekmek, ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamak ulgamyny kämilleşdirmek we beýleki çäreler göz öňünde tutuldy. Konsepsiýanyň ikinji tapgyry 2023-nji ýyla çenli hereket eder. Ýurdumyzda döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak, işe girizmek we onuň sazlaşykly işlemegini ýola goýmak, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek, şeýle hem maglumat üpjünçilik ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek bu tapgyrda bellenilýär. Ikinji tapgyrda hyzmatlaryň dürli görnüşleriniň bir ýerde jemlenen köpugurly «Bir penjire» ulgamynyň maglumatlary toplaýyş, işleýiş we goraýyş milli maglumat merkezini döretmek hem-de bu ulgamyň işini döwrebap ýola goýmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça wezipeleriň durmuşa geçirilişini netijeli dolandyrmak maksadynda halkara ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap enjamlary, tehnologiýalary we programma üpjünçiligini ornaşdyrmak arkaly sanly ykdysadyýetiň görkezijiler ulgamyny hem-de usulyýetini işe girizmek meýilleşdirilýär.

Üçünji tapgyra 2024 — 2025-nji ýyllar degişli edilip, onda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda sanly intellektual tehnologiýalaryň hem-de usullarynyň kämilleşdirilmegini we ornaşdyrylmagyny dowam etdirmek, Diýarymyzda sanly ykdysadyýete geçmekde, ony ösdürmekde gazanylan oňyn tejribeleriň esasynda has netijeli taslamalaryň ornaşdyrylmagyny giňden ýaýbaňlandyrmak, sanly intellektual tehnologiýalaryň özleşdirilmegi bilen, ýurdumyzyň sanly ykdysadyýetiniň ählumumy sanly ykdysady ulgamyna sazlaşykly goşulyşmagyny gazanmak, halkara önümçilik halkasyna goşulan işewürligiň täze görnüşlerini ösdürmek, durnukly ösüşi üpjün etmekde ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň düzüminde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynyň ösüşini üpjün etmek, döwlet dolandyrylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak bilen bagly wezipeler bellenilýär.

Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmeginde ilkinji ugurlaryň hatarynda ýurduň tutuş ykdysady, maliýe we bank ulgamlarynyň ösüşine uly ähmiýet berilýär. Sanly intellektual tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy arkaly býujet serişdelerine takyk gözegçilik etmek hem-de olary dolandyrmak üçin şertleri üpjün edýän maliýe maglumatyny dolandyrmagyň döwlet ulgamynyň döredilmegi derwaýys meseleleriň hatarynda durýar. Onuň esasy maksady has köp zähmeti talap edýän işleri awtomatlaşdyryp, maliýe we ykdysadyýet ulgamynyň işiniň tizligini we dessinligini artdyrmakdan, býujeti taýýarlamak, ýerine ýetirmek hem hasabatlylygy düzmek işine gatnaşyjylar tarapyndan hödürlenýän maglumatlaryň netijeliligini, dürslügini, takyklygyny üpjün etmekden we şunuň netijesinde hilini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Innowasion ösüşleriň eýýamy bolan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sanly ykdysadyýetiň binýadynyň berkemegi ugrunda uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Ahmet GURBANOW,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.

“Nesil” gazeti,

11.01.2020ý.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 181 okalan

ASYRLARA ÝÖRELGE – NESILLERE GÖRELDE

29 Noýabr 2024 | 52 okalan

NOU – HAU