Dem alýan howamyzy öndürýän, howadaky çyglylygy kadaly saklaýan, tozany arassalaýan, adamlar we janly-jandarlar üçin iýmit we çig mal çeşmesi hökmünde peýdalanylýan agaçlaryň dürli görnüşleri bar. Agaçlar janly-jandarlar üçin öý bolup hem hyzmat edýär. Tokaýdaky agaçlaryň her birinde guşlaryň, mör-möjekleriň we beýleki jandarlaryň 350-400 sanysy özlerine höwürtgedir hin ýasanýarlar. Eýsem, dürli ölçegler hasaba alnyp, rekord goýan agaçlar barada eşidipmidiňiz? Bu baradaky maglumaty dykgatyňyza ýetirýäris.
Tule: Serwi agajy Meksikanyň Oahaka ştatyndaky Santa-Maria-del-Tule şäheriniň merkezinde ösýär. Onuň diametri 1982-nji ýylda 11,42 metr bolan bolsa, 2005-nji ýylda 14,05 metre ýetipdir. Ol 2001-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilýär. Onuň sütüni ýogyn bolansoň, ilki birnäçe agaç bir ýerden ösüp çykandyr öýdülipdir. Emma geçirilen barlaglarda onuň bir kökden ösüp çykandygy we bitewüdigi anyklanypdyr. Agajyň ýaşynyň 1200 ýyldan uludygy aýdylýar.
«Thimmamma Marrimanu»: Hindistanyň Kadiri şäheriniň 25 kilometr golaýynda ösüp oturan bu agaç şahalarynyň ýaýrawy boýunça iň giň bag hasaplanýar. Ol bu babatda 1989-njy ýylda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilipdir. Agaç 19 müň 107 inedördül metr meýdany tutýar.
Mafusail: Adatça, agaçlar kesilende içindäki halkalaryň sany onuň ýaşyny görkezýär. Emma bu halkalar diňe pasyl çalşygynyň bolýan ýerlerindäki agaçlarda gabat gelýär. Pasyl çalşygynyň ýok ýerleri bolan tropiki howaly ülkelerde ösýän agaçlaryň ýaşyny görkezýän halkalar örän öçügsi bolýar. Şol sebäpli birnäçe asyrdan bäri kölege salyp oturan bu agajyň ýaşyny anyklamagyň aňsat däldigi aýdylýar. Geçirilen dürli barlaglarda onuň 4849 ýyl ýaşandygy çaklanylýar. Gündogar Kaliforniýadaky Inio tokaýlygynda ösýän arçanyň bu görnüşi dünýäniň iň garry agajy hasaplanýar.
Ýabany injir agajy: Günorta Afrika Respublikasynyň Ohrigstad şäherindäki Eho gowaklarynyň golaýynda ösýän injir agajynyň köki 120 metr çuňluga ýetýär. Ol häzire çenli anyklanan iň uzyn kökli agaç hasaplanýar. Tenerife adasyndaky «El Drago Milenario» atly agaç howadaky kökleriniň uzynlygy boýunça öňdeligi eýeleýär. Agajyň ýeriň üstki bölegindäki kökleriniň uzynlygy 200 metre ýetýär. Ýaýrawy 20 metre, uzynlygy 21 metre barabar bolan bu agajyň 300-den gowrak iri şahasy bar. Onuň agramynyň 140 tonnadygy çaklanylýar.
Amanmyrat BAÝMYRADOW.
“Nesil” gazeti,
01.02.2020ý.