HALK HÄKIMIÝETINIŇ DABARALANMASY

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň öň­den­gö­rü­ji­lik­li, pa­ra­sat­ly sy­ýasa­ty esa­syn­da Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap ýur­du­my­zyň ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy hal­ka­ra ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da bar­ha kä­mil­leş­di­ril­ýär.

Muňa döwlet Baştutanymyzyň 2019-njy ýylyň sentýabrynda Halk Maslahatynyň ikinji mejlisinde eden taryhy çykyşynda öňe süren we halkymyz tarapyndan uly goldaw tapan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hukuk derejesini özgertmek, iki palataly Parlament ulgamyna geçmek baradaky taryhy we syýasy ähmiýetli teklibi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän bu beýik başlangyjyň düýp mazmuny milli jemgyýetimiziň we dünýä jemgyýetçiliginiň tejribesine daýanyp, Halk Maslahatynyň işini kämilleşdirmegi, kanun çykaryjy edaranyň iki palataly gurluşyny döretmegi nazarlaýar.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda geçirilen Konstitusion toparyň nobatdaky mejlisinde kesgitlenen wezipeleriň esasynda gelip gowuşýan teklipleri göz öňünde tutmak bilen taýýarlanylan «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň deslapky taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýyny has-da kämilleşdirmek bilen iki palataly kanun çykaryjy ulgama geçilmegi ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni ösüşiniň häzirki döwründe döwletimiziň demokratik, hukuk we dünýewi esaslaryny has-da berkitmäge, raýat jemgyýetini berkarar etmäge, milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgä esaslanýan, ýaşaýyş-durmuş ulgamyna gönükdirilen syýasy ugruny üstünlikli amala aşyrmaga uly itergi berer. Bu özgerişleriň esasy maksady ýurdumyzyň ýokary häkimiýet edarasynyň ähmiýetini ýokarlandyrmakdan, onuň ygtyýarlyklaryny giňeltmekden, jemgyýetimizi has-da demokratiýalaşdyrmakdan ybaratdyr.

Gahryman Arkadagymyz Konstitusion toparyň nobatdaky mejlisinde giňişleýin çykyş edip, ýurdumyzyň milli häkimiýet edarasy Türkmenistanyň Milli Geňeşi, onuň kanun çykaryjy palatasy Mejlis, wekilçilikli palatasy bolsa Halk Maslahaty diýlip atlandyrylsa, Halk Maslahatynyň düzümi kesgitlenende halkymyzyň teklipleriniň ylmy seljermesine, halkara tejribesine daýanylsa maksadalaýyk boljakdygyny aýratyn nygtady. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalarynyň umumy sanyny 56 adamdan ybarat edip kesgitlemegi teklip etdi. Şonuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Konstitusiýasynda jemgyýetiň hem döwletiň bähbitlerini üpjün etmek maksady bilen her welaýatdan we Aşgabat şäherinden deň derejede 8 adamyň Halk Maslahatynyň düzümine gizlin ses bermek arkaly welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň mejlisinde saýlanylmagyny, döwlet we jemgyýetçilik işlerinde aýratyn hyzmatlary bitiren, baý durmuş hem iş tejribeli, il içinde atly-abraýly raýatlaryň arasyndan 8 adamyň Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilmegi göz öňünde tutulmalydyr. Şeýlelikde, Türkmenistanda milli döwlet gurluşynda ilkinji gezek Halk Maslahatyndan we Mejlisden ybarat bolan iki palataly Parlament dörediler. Ýurdumyzyň Konstitusiýasyna laýyklykda, palatalaryň ikisi hem deň derejeli bolar, olaryň hersiniň aýratyn ygtyýarlyklary kesgitlener. Halk Maslahaty umumy döwlet derejesinde ýurdumyzyň syýasy-çäk gurluşynyň häkimiýetini amala aşyrar, ol ýerli wekilçiligiň palatasy bolar. Mejlis bolsa kanun çykaryjy palata bolar.

Ýokary häkimiýet edarasynyň iki palataly ulgamyna geçilmegi, Parlamente jemgyýetimiziň ähli gatlaklarynyň wekilçilik etmegi, wekilçilikli palatanyň agzalarynyň we deputatlaryň saýlawçylar bilen ysnyşykly işlemekleri hukuk ulanyş işlerine we kanunlaryň ýerine ýetirilişine talabalaýyk gözegçilik etmek üçin giň mümkinçilikler döreder. Iki palataly Parlamentiň döredilmegi ýurdumyzyň ýerli dolandyryş çäkleriniň wekilçiliginiň ähmiýetini has-da artdyrar, Parlament demokratiýasynyň özboluşly ýüze çykmasy bolar.

Esasy Kanunymyza girizilmegi göz öňünde tutulýan özgertmeler Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň mundan beýläk-de demokratik ýol bilen öňe gitmeginiň, syýasy, durmuş-ykdysady, medeni taýdan ösüşiň belent sepgitlerine ýetmeginiň, halk häkimiýetiniň dabaralanmasynyň, döwlet häkimiýetiniň halk bilen jebisliginiň kanuny kepili bolar. Şonuň üçinem hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň kanun çykaryjy häkimiýetini amala aşyrýan wekilçilikli edaralar ulgamyny kämilleşdirmek boýunça öňe sürýän ynsanperwer garaýyşlary, beýik başlangyçlary ählihalk goldawyna mynasyp bolýar.

Halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşy, röwşen geljegi ugrunda gije-gündiz alada edýän, ýurdumyzy ösüşleriň täze belentliklerine alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, döwlet ähmiýetli, il-ýurt bähbitli tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

Tagandurdy TAGANDURDYÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň kafedra müdiri, pedagogika ylymlarynyň kandidaty.

“Nesil” gazeti,

18.02.2020ý.

 

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 11 okalan

ASYRLARA ÝÖRELGE – NESILLERE GÖRELDE

29 Noýabr 2024 | 8 okalan

NOU – HAU