Ýaşlara bir sözüm bar
Türkmende bir paýhas siňen nakyl bar: «Alym bolmak aňsat, adam bolmak kyn». Öňi bilen hakyky adam boljak bolup çalyşmaly, eger şony başaryp bilseňiz, hemme zat oňuna bolar, yhlas etseňiz, alymam bolarsyňyz, islän hünäriňizi eliňize-de alyp bilersiňiz! Durmuşda her bir ýetginjek, oglan-gyzlarymyz öz öňünde belent maksat goýmaly, şol maksada-da ýetjek bolup çalyşmaly. Her bir maksadyň aňyrsynda halal, ak ýürekden çekilen zähmet bolmaly. Munuň üçin bolsa maksada okgunlylyk gerek, ata-babalarymyzyň döreden «Yhlasa — myrat», «Yhlas bilen aglasaň, sokur gözden ýaş çykar», «Yhlas et, myrada ýet» diýen ýaly pähimli sözlerini ýatlamak gerek. Şu ýerde hormatly Prezidentimiziň seriňe dolýan sözlerine ýüzlenmek derwaýys: «Müňýyllyklaryň dowamynda döredilip, timarlanyp gelnen nakyllardyr atalar sözlerini pederlerimiziň umman ýaly çuňňur akyl-paýhas hazynasy, mydama dogry ýoly salgy berýän şamçyrag — maslahatçy diýip aýtmak bolar. Nakyllarda ençeme nesilleriň durmuş tejribesinde taplanan halk parasady, gündelik durmuşda öwran-öwran başdan geçirilen hadysalardan gelip çykýan dogry çözgütler, gymmatly sargyt-maslahatlar öz beýanyny tapypdyr». Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, ajaýyp manyny özünde jemleýän nakyllar azaşany dogry ýola salýar, durmuşda öz ornuňy tapmagy, watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi, edepliligi, edenliligi, erjelligi, maksada okgunlylygy, ata Watana, dost-ýara wepalylygy, ynsanperwerligi, sadalygy, rehimdarlygy, ýagşy niýetliligi, pespälligi, myhmansöýerligi, mahlasy, il adamsy bolmagy öwredýär.
Diýarymyzda raýatlaryň aň-düşünjesini ösdürmek üçin uly işler durmuşa geçirilýär. Elbetde, jemgyýeti düzýän raýatlaryň aň-düşünjesini ösdürmek üçinem, ýaşaýşyň göwnemakul dowam etmegi üçinem nakyllardyr atalar sözlerini ýol-ýörelge edinmek, aýratyn hem, ýaş nesle zerur. Çünki olar ýaşuly nesliň yzyny dowam etdirmeli, öz tejribelerini geljekki nesil dowamatlaryna geçirmeli. Ata-babalaryň öwüt-ündewleri ýerine ýetirilse, alynmajak gala bolmaz. «Bir — okana, bir — dokana» diýen nakyl näme maksat bilen döredildikä?! Geliň, mysal alnan nakylyň manysyny giňişleýin düşündirmäge çalşalyň! Köp okaýan adamyň aň-düşünjesi gitdigiçe ösýär, kämilleşýär, dünýägaraýşy has giňemek bilen bolýar. Eger-de jemgyýeti emele getirýän adamlaryň sowatlylyk, ylym-bilim derejesi güýçli bolsa, jemgyýet sagdyn hem kämil bolar. Ata-babalarymyzdan miras galan halk döredijiligi — folklor diýlip atlandyrylýan ruhy baýlygy baý mazmuna eýe bolupdyr. Agzalan nakyllaryň mysalynda hem biz olaryň sowatlylyk derejesine göz ýetirip bileris.
Folklor eserleri uzak ýyllaryň dowamynda jemgyýetiň kämilleşmegine, ruhy taýdan sagdynlygyny saklamagyna ýardam berip gelipdir. Çünki halkyň ýatdan aýdylyp, agyzdan-agza geçip gelen «ruhy iýmiti» ýeterlik bolupdyr. Halk gerek ýerinde dynç alyp, öz döreden ajaýyp eposdyr dessanlaryndan, şorta sözdür ýomaklaryndan, ertekidir rowaýatlaryndan, tymsallardyr hekaýatlaryndan, nakyldyr pähim-paýhas siňen atalar sözlerinden, matallaryndan, şahyrana eserlerinden we beýleki köp sanly halky eserlerinden ruhy lezzet alyp, şolaryň netijesinde görüm-göreldesi bilen öz nesil dowamatlaryny terbiýeläp ýaşapdyrlar. Bu babatda, aýdym bilen halka ruhy lezzet berip gelen bagşylaryň hyzmaty örän uly bolupdyr. Olar ynsanlaryň kalbyna ýol salan, olara şatlyk, lezzet paýlan aýdym-sazlary — beýik sungaty bilen ýardam beripdirler. Hormatly Prezidentimiz ata-babalarymyzy ruhy taýdan kanagatlandyrmakda bagşylardyr sazandalaryň aýratyn uly hyzmatynyň bolandygyna ünsi çekip, olaryň türkmen halkynyň öňünde bitiren gymmatly işlerine uly baha berip, bagşylar hakda şeýle ýazýar: «Ýüzlerçe ajaýyp sazlary, goşgulary we dessanlary ýat tutup, nesilden-nesle geçirip, biziň günlerimize ýetiren halk bagşy-sazandalarynyň bitiren biçak uly hyzmatlarynyň belli bahasy ýokdur».
Bagşylar, aýdym-saz baradaky oýlanmalaryny hormatly Prezidentimiz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda ýene-de dowam etdirýär: «Görüp otursak, bagşyçylyk sungaty halk üçin güýmenje bolman, eýsem, ruhubelentligiň çeşmesi, birleşmek we jebisleşmek serişdesi, ruhy güýç berýän barlyk bolupdyr. Döredijilige, bilime, sazlaşyga we bagtyýarlyga bolan islegi inkär edip bolmaýşy ýaly, biziň durmuşymyzy bagşysyz göz öňüne getirmek mümkin däldir». Öňki kitaplarynyň hem ençemesinde bagşy-sazandalar baradaky ýagşy pikirlerini ile-güne ýetirip, olara uly baha berip gelýän milli Liderimiziň bagşylar hakdaky oýlanmalary bu gymmatly kitapda gitdigiçe çuňlaşýar. Hormatly Prezidentimiziň şeýle bir sözüni mysal almazlyk asla mümkin däl: «Men bagşylary halkyň kalbynyň nuruny gorap saklaýan adamlar diýip atlandyrmak isleýärin».
Şulary aýtmak bilen, ýaşlara ýüzlenip, aýtjak sözüm, köp okamaly, halk döredijilik eserlerini hem öwrenmeli, köp diňlemeli, okanlaryňy kalbyňa siňdirjek bolmaly, özüňde dörän oňyn pikirleri hem köpçülige ýetirmeli. Kitap adamyň bütin durkuna, kalbyna, tutuş süňňüne täsirini ýetirýän ruhy gymmatlykdyr. Kitap okap, adamlary, durmuşy, ýaşaýşy söýmegi, erjelligi, tutanýerliligi, il adamsy bolmagy öwrenmek bolýar. Fransuz ýazyjysy Wolteriň aýdyşy ýaly, «Gowy ýazýan ýazyjyny okap, gowy gürlemäge endik edersiň».
Geçmişde ýaşap geçen akyldarlarymyzyň, nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiligini, halk döredijiligini we häzirki zaman edebiýatyny, dünýä edebiýatyny öwrenmek zerurlyk bolup öňe çykýar. Çünki köp okaýan adamyň ýaşaýşa, durmuşa göz ýetirişi hem üýtgeşik bolýar. Wolteriň «Kandid» romanyndan bir gojanyň pähimli sözleri ýadymda galypdyr. «Zähmet adamy üç zatdan halas edýär: mätäçlikden, ýaltalykdan, gybatdan». Bu sözler eseriň goja gahrymanynyň sözi, ol özüniň azajyk ýerinden ýylda iki gezek hasyl alyp, bol-telkilikde ýaşaýandygyny, zähmetden bereket tapýandygyny gürrüň berýär.
Umuman, adamy adam edýän, il hataryna goşýan hem zähmet. Şonuň üçin hem, ata-babalarymyz päk zähmeti özlerine hemişelik hemra edinipdirler, halal zähmetden kemal tapypdyrlar. Elbetde, uzak asyrlaryň dowamynda ençeme ruhy we maddy gymmatlyklaryň döredilip, asyrlary aşyp, biziň döwrümize gelip ýetmegi hem zähmetsöýerligiň alamatydyr. Türkmen: «Şägirt halypadan ozdurmasa, hünär ýiter» diýýär. Mähriban ýaşlar, zähmetsöýerlik, halallyk hemraňyz bolsun! Hormatly Prezidentimiziň belent başy aman bolsun!
Gurbanjemal YLÝASOWA,
Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.
“Nesil” gazeti,
09.04.2020ý.