döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir
Türkmenistan döwletimiz ösüşiň täze tapgyrynda öz maksatlaryny we wezipelerini dünýä bileleşiginiň tagallalary bilen utgaşdyrýar. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny sebitde we dünýäde «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesini dabaralandyrmak maksady bilen, döwletara gatnaşyklarynda hoşniýetli hyzmatdaşlygy daşary syýasatynyň esasy ýoly, baş ýörelgesi diýip saýlap alan Türkmenistan Watanymyz Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde nusgalyk işleri alyp barýar. Şunuň bilen birlikde Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde ýurdumyzda ylymly-bilimli, berk bedenli nesli terbiýeläp ýetişdirmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek ugrunda hem degişli işler durmuşa geçirilýär. Eziz Watanymyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni, olimpiýa hereketini, sporty ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Muňa bu ugurda kabul edilýän milli maksatnamalar, toplumlaýyn özgertmeler aýdyň şaýatlyk edýär.
Häzirki döwürde sport we bedenterbiýe şahsyýetiň sazlaşykly kemala gelmeginde, ynsanyň saglygyny, beden, intellektual ukyplylygyny berkitmekde esasy gymmatlyklaryň biri hökmünde ýaşaýyş-durmuşymyza ornaşdy. Şu günki ösüp gelýän sagdyn nesil ertirki özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmeli adamlardyr. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz halkymyzy ruhy taýdan galkyndyryp, döwrüň nesillerini beýik ösüşlere ruhlandyrýan ýaşlar syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýär.
Ýokary netijeli sporty ösdürmek, jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, adam saglygyna zyýanly endiklere garşy göreşmek bu ugurda alnyp barylýan işleriň özenini düzýär. «Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, adamyň ruhy taýdan kämil we beden taýdan sagdyn bolmagyny sazlaşykly utgaşdyrmak halkymyzyň saglygyna oňaýly täsir edýän möhüm şertlerdir» diýip belleýän döwlet Baştutanymyzyň bimöçber aladasy bilen sportly ýurt hökmünde dünýä tanalýan Diýarymyzda geçirilýän halkara derejesindäki sport ýaryşlary diňe bir döwletimiziň abraý-mertebesini ýokary götermän, eýsem, halkymyzyň sagdyn ýaşaýşyny üpjün etmäge, ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň beden taýdan berk, ruhy taýdan sagdyn bolup ýetişmeklerine hem uly itergi berýär.
Ýurdumyzda her bir raýatyň saglygyny goramaga we berkitmäge bolan hukugy milli saglyk kanunçylygynda anyklaşdyrylyp beýan edilendir. Bu hukuklaryň üpjün edilmegi üçin maddy-enjamlaýyn binýat dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk enjamlarynyň, täze saglygy goraýyş merkezleriniň, maglumat, aragatnaşyk tehnologiýalarynyň hasabyna pugtalandyrylýar. Şunuň bilen birlikde milli saglyk ulgamynyň döwrebap enjamlarynyň esasynda «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kadalaryny ornaşdyryp, sanly tehnologiýalary peýdalanmaga giň mümkinçilikleriň bardygyny hem bellemek bolar. Elbetde, «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulýan esasy wezipeleriň biri saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak bilen baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, geçen döwrüň dowamynda saglygy goraýşy dolandyrmakda müdirlikleriň we edara-kärhanalaryň ygtyýarlyklary giňeldildi. Munuň özi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligini guramaçylyk-usulyýet, seljeriş we baha beriş merkezine öwürmäge mümkinçilik berdi. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezleri, «Ene mähri» merkezleri, Anyklaýyş merkezleri, Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezleri hem-de beýleki ýöriteleşdirilen häzirki zaman saglygy goraýyş edaralary döredildi. Oba we şäherçe hassahanalary, oba lukmançylyk gatnap bejergi alyş edaralary, feldşer-akuşer nokatlary ilata ilkinji lukmançylyk hyzmatlaryny edýän oba saglyk merkezlerine we Saglyk öýlerine öwrüldi. Olar etrap hassahanalarynyň düzümine girizildi. Bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň gurluşy kämilleşdirildi. Köpugurly uly hassahanalar döredildi.
Il-ýurt hem-de umumadamzat bähbitli möhüm işleriniň örän köpdügine garamazdan, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekde, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmakda hormatly Prezidentimiziň her bir türkmenistanla nusgalyk görelde bolup durýandygy hem döwrümiziň ajaýyp hakykatydyr.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, jemgyýetimiziň ähli gatlaklaryna sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak babatda düýpli özgertmeleri amala aşyrmaga badalga bermegi netijesinde bu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň mekany hökmünde Ýer ýüzünde meşhurdyr. Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylyň 19-njy iýulynda Aşgabat şäheriniň «Аrçabil» myhmanhanasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlyk boýunça Geňeşiniň XXIX mejlisiniň geçirilmegi uly ähmiýete eýe boldy. Mejlise GDA gatnaşyjy döwletleriň saglygy goraýyş ulgamynda işleýän ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle-de BSGG-niň Ýewropa sebitleýin edarasynyň, BMG-niň hem-de halkara Gyzyl haç we Gyzyl Ýarymaý halkara Federasiýasynyň düzüm birlikleriniň hünärmenleri gatnaşdylar. Milli Liderimiz özüniň GDA gatnaşyjy döwletleriň Saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlyk boýunça Geňeşiniň mejlisine gatnaşyjylara iberen Gutlag hatynda Bitarap Türkmenistanyň sebitde ylalaşdyryjy merkez bolmak bilen çäklenmän, eýsem, öz raýatlarynyň saglygy hakynda hemişe uly alada edýändigini, ýurdumyzda adamlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi netijesinde, kadaly iýmitlenmek, ýokanç däl keselleriň öňüni almak, zyýanly endiklerden daşda durmak, zähmet bilen dynç alşy sazlaşykly utgaşdyrmak, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak ýaly kämil ýörelgeleriň ösdürilýändigini, geçirilen bu işleriň ilatyň ömrüniň ortaça dowamlylygynyň artmagyna, keselçiligiň derejesiniň peselmegine, howply ýokanç keselleriň düýbünden ýok edilmegine ýardam berendigini, döwrebap usullar bilen geçirilýän wagyz-nesihat işleriniň netijesinde, raýatlarymyzda saglyk barada täze düşünjeleriň kemala gelendigini belledi.
Dünýäde ýaýran ýiti öýken sowuklama keseliniň täsirine garşy göreşmek meseleleri babatda häzirki döwürde ata Watanymyzda öňüni alyş işleriniň ýokary derejede geçirilmegi, raýatlarymyzyň jan saglygynyň howpsuz bolmagy hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallalaryndan nyşan. Bilşimiz ýaly, 8-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlary boýunça orunbasarynyň hem-de bilim ministriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda dünýäde ýaýran ýiti öýken sowuklama keseli bilen baglanyşykly ýaramaz ýagdaýlaryň täsirine garşy göreşmek meseleleri we Türkmenistana bu keseliň aralaşmagynyň öňüni almak boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem hemmetaraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan kämil ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, bilimiň, ylmyň hem-de önümçiligiň özara baglanyşygyny yzygiderli pugtalandyrmak wezipelerine garaldy.
Döwlet Baştutanymyz bu howply keseliň Türkmenistanyň çägine mundan beýläk hem ýokuşmaz ýaly degişli işleriň öz wagtynda geçirilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu çylşyrymly ýagdaýyň dünýäde dowam edýändigini nazara alyp, mundan beýläk hem onuň Türkmenistanyň çäklerine aralaşmagynyň öňüni almak boýunça ähli tagallalaryň edilmelidigini aýtdy.
Halkymyzyň sagdyn, howpsuz ýaşaýşy üçin döwletimizde ähli şertler döredildi. Bu şertler halkyň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeginiň, saglyk medeniýetiniň ösmeginiň, ýaş nesliň ahlak taýdan kämil terbiýelenmeginiň maksatlaryna gulluk edýär. Bir söz bilen aýdylanda, hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek baradaky uly aladalary biziň her birimizi buýsandyrýar.
Goý, halkymyzyň abadan, howpsuz ýaşaýşy ugrunda bimöçber işleri durmuşa geçirýän milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!
Ýazgül KURTOWEZOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.
“Nesil” gazeti,
16.04.2020ý.