LUKMANYŇ MASLAHATY
Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň barlaghanasynyň wirusologiýa bölüminde häzirki zaman döwrebap enjamlaryň kömegi bilen ýiti respirator ýokanç kesellerini anyklamak üçin barlaglar, Saglyk öýlerinde bolsa, isleg bildirýän raýatlar üçin dümew we beýleki ýokanç kesellere garşy ýokary hilli waksinalar bilen öňüni alyş sanjymlary geçirilýär.
Islendik keseliň, şol sanda ýokanç keselleriň öňüni almak üçin her kim öz saglygyna üns bermeli, sagdyn durmuş ýörelgesine berk eýerip ýaşamaly:
— Asgyraňda, üsgüreňde agzyňy we burnuňy elýaglyk bilen ýapmaly.
— Bir gezeklik ulanylýan elýaglygy zibil gutusyna taşlamaly.
— Her gezek daşardan geleniňizde, naharlanmazdan öň we soň elleriňi sabynlap ýuwmaly.
— Elleşip, gujaklaşyp salamlaşmakdan saklanmaly.
— Üsgürýän, asgyrýan adamlardan daşda durmaly. Eger, özüňde dümewiň alamatlarynyň ýüze çykandygyny duýýan bolsaň, onda töweregiňizdäki adamlara golaýlaşmakdan saklanmaly.
— Witaminlere, makro-mikroelementlere baý bolan gök önümler, miweler bilen iýmitlenmeli.
— Suw-sport çäreleri bilen bedeni taplamaly. Her gün irden beden maşklaryny ýerine ýetirmeli. Sportuň agyr bolmadyk görnüşleri bilen meşgullanmaly.
— Keseliň alamatlary peýda bolanda, uzaga çekdirmän, maşgala lukmanyna ýüz tutmaly.
— Pasla görä geýinmeli. Bedeniň çendenaşa sowamagyna ýol bermeli däl.
— Lukman bilen maslahatlaşyp, wagtal-wagtal witamin-mineral toplumlaryny kabul etmeli.
— Zyýanly endiklerden daşda durmaly. Ýatda saklaň: diňe çilim çekýän adam däl, eýsem, onuň daş-töweregindäki adamlar hem çilimiň tüssesi bilen hapalanan howadan dem almaga mejbur bolýarlar. Çilimiň tüssesi burun we burun boşluklarynyň nemli bardasyny gyjyndyrýar, onuň çişmegine getirip, ýokançlardan goranmak ukybyny peseldýär.
— Gaty gyzgyn we gurak howaly jaýda uzak wagtlap bolmak zyýanlydyr. Otaglaryň içini yzygiderli ýelejiredip durmaly, jaýyň içinde mydama laýyk ýylylygyň saklanmagyny üpjün etmeli.
— Diňe gyş-güýz möwsümlerinde däl, eýsem, ýylyň beýleki pasyllarynda hem duş gelýän, öz wagtynda bejerilmese, wagtyň geçmegi bilen düýpli sökelligiň döremegine getirýän ýiti respirator wirusly kesellerden goranmaly. Bu keseller ýüze çykanda gaýra goýulman, doly we dogry bejeriş geçirilmegini gazanmaly. Aýratyn hem, ýokanç keselleri geçiren çagalaryň saglygyna ünsli bolmaly.
— Agyz boşlugyny arassa saklamaly. Diş kesellerini bejertmeli.
— Iýmiti ýylylygyna iýmek, gyzgyn çaý, kompot, kisel içmek maslahat berilýär.
— Burundan dem almagy kadalaşdyrmaga ýardam edýän dem alyş maşklaryny ýerine ýetirmeli.
Bu düzgünleri doly we dogry ýerine ýetirmegimiz sagdyn ýaşamagymyzyň esasy şertidir.
Azym NAZAROW,
Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanasynyň miokardyň infarkty 2-nji ylmy-kliniki bölüminiň gaýragoýulmasyz kömek lukmany.
“Nesil” gazeti,
18.04.2020ý.