BÄŞ SEKUNTLYK ÝYLGYRYŞ

Käte ýatlamalar ummanyna alyp gidýän sähel­çe sa­lym­lyk pur­sat­lar bol­ýar. Şol pur­sadyň özün­de-de bu ýag­da­ýyň özü­niň hem ýat­la­ma bo­lup gal­jak­dy­gy­na aky­lyň çat­ýar. Ada­myň aňy­nyň, aňas­tya­ňy­nyň gur­lu­şy şeý­le bolmaly-da. Zyn­jyr hal­ka­la­ry ýa­ly bi­ri-bi­ri­ne bag­lan­ýar-da, gi­diber­ýär on­soň kel­te tir­ke­len ýa­ly bo­lup...

Öň­räk hem şeý­le pur­sat­la­ryň bi­ri bol­dy, ýag­ny bir sü­ri pur­sat­la­ryň öçü­şip gi­den go­ru­ny gor­jan ýag­daý dö­re­di. Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti Ata­gel­di Garýag­dy­ýew bi­len ta­lyp­la­ryň ara­syn­da gu­ra­lan dö­redi­ji­lik du­şu­şy­gy­na gat­naş­mak mi­ýes­ser et­di. Ol duşu­şy­gyň ge­çi­şi ba­ra­da aýt­jak bolsak-ha, me­niň göz öňüm­de tut­ýan möç­be­rim­den has ga­ba­ra­ly bo­lar bu ýaz­gym. Çün­ki ol du­şu­şy­gyň iň soň­ku­ja no­ta­sy­nyň se­bäp bo­lan ýat­la­ma­la­ry hem es­liň ýa­ry­sy bol­jak... Du­şu­şyk ta­mam­lan­dy. Oňa gat­na­şy­jy­lar bi­len ýa­dygär­lik su­ra­ta düş­mek üçin ýaş­lar ha­ly­pa­nyň tö­were­gi­ni gal­la­dy­lar. Gö­räý­mä­ge, ýat­la­ma um­ma­ny­na ok­lan ýag­daý şol su­ra­ta sy­gan keşp­ler bi­len bag­ly bo­laý­ma­ly ýa­ly, em­ma bu ge­zek beý­le bol­ma­dy. Muňa su­ra­ta düş­ýän­ler däl-de, su­ra­ta dü­şür­ýän se­bäp bol­dy. Üý­şüp du­ran­la­ryň ün­sü­ni özün­de jem­le­mek üçin fo­tog­raf ýi­git yh­las ed­ýär­di: «Ha­ny, du­ruň, bäşje se­kunt ýyl­gy­ryň!». Şyrk. «Nä­hi­li dü­şe­ni­ni gö­re­ýin, ýe­ne-de bäş se­kunt­lyk ýyl­gy­ryş ge­rek, ine, bol­dy...».

Onuň bu söz­le­ri kel­läm­de aý­lan­dy dur­dy. Öýe ge­le­nim­den soň hem onuň bu söz­le­ri­ni, goş­gy ýat tut­jak bol­ýan ça­ga ýa­ly, en­çe­me ýo­la gaý­ta­la­dym. Soň­ra ýat­la­ma­lar um­ma­nyn­da ga­ýy­gy­my kü­rek­lemä­ge baş­la­dym. Il­ki ýa­dy­ma dü­şen zat aw­to­ry­nyň kim­di­gi­ni bil­me­ýän bir afo­riz­mim bol­dy. Ol ýa­dy­ma düş­se-de, maz­mu­ny do­lu­ly­gy­na ýa­dym­da gal­mandyr eken. On­soň men bel­lik ed­ýän dep­de­ri­miň sa­hypalaryny howul-hara agdarmaga durdum. Bir pursa­dyň oý­nu­na bak-a: dep­de­rim­de çar­hy­pe­lek yzy­na aý­la­nyp ug­ra­dy. Sag­dan çe­pe däl-de, çep­den sa­ga agdar­ýan sa­hy­pa­la­rym­da se­ne­ler düý­ne, öň­ňi­ne, öň­kü­si gü­ne, ge­çen hep­dä... sa­ry gi­di­ber­di. Ine-de, bar­dym üs­tün­den. Ol iň­lis di­lin­de eken. Söz­me-söz däl-de, ba­şar­dy­gym­dan, ma­ny­sy­ny ter­ji­me ede­ýin: «Eger-de bäş se­kunt­lyk ýyl­gy­ryş dü­şü­ri­len su­ra­ty asyl bolup biljek ýagdaýyndan has owadan edýän bol­sa, on­da el­my­da­ma ýyl­gyr­ma­gy ba­şa­ran ýag­daýy­ňyz­da, si­ziň dur­mu­şy­ňyz, gör, nä­hi­li aja­ýyp hem gö­zel bo­lar­dy...».

Şol su­rat­da do­ňup ga­lan pur­sat he­mi­şe­lik ýat­lama bo­lar. Esa­sy zat bol­sa, ýyl­gyr­dar, ýyl­gyr­ma­ly­dygy­ny, ýyl­gy­ryş­da dur­mu­şy­ňy gö­zel­leş­dir­ýän gud­rat bardygyny ýatladar...

Ýat­la­ma­lar zyn­jy­ry­nyň in­di­ki hal­ka­sy­na geç­megim hem köp­çü­lik­le­ýin dü­şü­len bu su­ra­tyň mer­kezin­de ýyl­gy­ryp du­ran ha­ly­pa bag­şy Ata­gel­di Garýag­dy­ýew bol­dy. Ol, ýal­ňyş­ma­ýan bol­sam, 15 ýyl ozal pent hök­mün­de ma­ňa şeý­le di­ýip­di: «Bi­rin­ji klas okuw­çy­la­ry üçin ni­ýet­le­nen dar çy­zyk dep­de­riň il­kin­ji sa­hy­pa­syn­da sy­ýa ýok­maz­lyk üçin sor­guç diýen ka­gyz goý­lar­dy. Edil şol sor­guç ýa­ly bol, öw­ren, top­la, de­mi­ňe dart...».

Edil şol dar çy­zyk dep­de­ri­niň çy­zyk­la­ry­ny ýa­da sal­ýan ýan­dep­der­çä­me şu se­tir­le­ri ýa­zyp otyr­kam 1-nji klas­da harp­lar­dan öňür­ti çy­zyk çyz­ma­gy öw­renýän pur­sa­dym — şol ta­ga­şyk­syz çy­zyk­la­ryň su­ra­tyny çe­kip otu­ry­şym ha­ky­dam­da peý­da bol­dy... Ýö­ne men aka­ba­ny bu ug­ra gö­nük­dir­sem, ýat­la­ma­la­ryň suw ba­san pel ýa­ly, bu dep­de­ri­mi pü­re­pür­le­me­gi­niň äh­ti­mal­dy­gy üçin, onuň göz­ba­şy­na bö­wet urdum-da, ýe­ne kö­ne aka­ba­nyň ra­ýy­şy­ny ýy­kyp goý­ber­dim... Ha­ly­pa... Du­şu­şyk... Fo­tog­raf... Ýyl­gy­ryş...

Bu­la­ryň haý­sy­na gö­nük­sem-de, gür­rüň uza­ga git­jek ýa­ly bol­dy dur­dy. On­soň men Ata­gel­di aganyň 15 ýyl öň be­ren pen­di­ne eýer­me­li di­ýen ne­ti­jä gel­dim. Bu gün­lük­çe nä­me tä­ze zat öw­re­nip bo­lar­ka di­ýip, öňüm­de du­ran ki­ta­by aç­dym. Açan ýe­rim­däki tym­sal­da­ky ha­ly­pa Ata­gel­di Gar­ýag­dy­ýe­wiň keşbin­de ör-boýuna ga­lyp, öwüt-ne­si­hat be­rip du­ran ýaly boldy...

— Äh­li zat­dan sa­pak al­mak müm­kin­dir. Bu dünýä­dä­ki zat­la­ryň ba­ry bi­ze nä­me­dir bir zat öw­red­ýändir — di­ýip, ha­ly­pa şä­girt­le­ri­ne aý­dyp­dyr.

Otu­ran şä­girt­ler­den bi­ri müň­kür­lik bi­len so­wal be­rip­dir:

— Aý­da­ly, de­mir ýol bi­ze nä­me öw­red­ýär?

— Bir pur­sat­lyk gi­jä gal­mak bi­len äh­li za­dy­ňy elden gi­di­rip bil­jek­li­gi­ňi.

— Te­leg­raf­dan nä­me sa­pak alyp bo­lar?

— Her bir sö­zü­mi­ziň ha­sa­ba al­nyp du­ran­ly­gy­ny öz­leş­di­rip bo­lar.

— Te­le­fo­nyň be­rip bil­jek der­si nä­me­dir?

— Bi­ziň bu ýer­de aýd­ýan zat­la­ry­my­zyň hem­mesi­niň Ol ýer­de eşi­di­lip du­ran­ly­gy bi­len bag­ly ders.

Ki­ta­by ýa­pa­nym­dan soň hem «Dog­ry, ha­ly­pa, äh­li zat­dan sa­pak al­mak müm­kin eken» di­ýip hü­mür­dedim. Özü­mem häl­ki fo­tog­raf ýi­gi­diň aý­dan: «Bäş­je se­kunt ýyl­gy­ryň!» di­ýen sö­zü­ni ýat­lap, on­dan sa­pak alyp, ýyl­gyr­dym...

Orazmyrat MYRADOW,

“Nesil” gazeti,

21.04.2020ý.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 11 okalan

ASYRLARA ÝÖRELGE – NESILLERE GÖRELDE

29 Noýabr 2024 | 8 okalan

NOU – HAU