«Saňa at diýmerin, gardaş diýerin» diýip ýüzlenýän halkymyzyň durmuşyndaky ahalteke bedewleriniň orny uludyr. Ata-babalarymyzyň müňýyllyklara uzaýan gadymy taryhyndan miras galan gamyşgulak bedewlerimiziň häzirki döwrümiziň ösüşleriniň özboluşly nyşanyna öwrülmeginde, olaryň naýbaşy gymmatlyk hökmünde bütin dünýäde ykrar edilmeginde ony aňryýany bilen görmek bolýar.
Türkmeniň atçylyk sungaty toplumlaýyn häsiýeti bilen özboluşly usullary özünde jemleýän seýisçiligi we çapyksuwarlygy beýan edýär. Bu sungatyň bütin dünýäde at-owazasynyň ýaýramagy we biziň günlerimize gelip ýetmegi geçmişde ata-babalarymyzyň ynsan kimin üşükli, eýesine wepaly, ýyndamlykda meşhurlyga eýe bolan ýüwrük atlary ýetişdirmek bilen birlikde, olaryň tohum häsiýetini gowulandyrmaga aýratyn üns berendiginiň netijesidir. Häzirki bagtyýarlyk döwründe bolsa, ýörände seýkin basýan, çapanda ýelden ýüwrük atlarymyz toý-dabaralarymyzyň bezegi, halkymyzyň milli buýsanjy, uçar ganatydyr.
Mälim bolşy ýaly, däp boýunça her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy bellenilip geçilýär. Bu baýram dünýäniň ähli künjeklerinden gelýän bedew janköýerleriniň gatnaşmagynda halkara serginiň we maslahatyň ýokary derejelerde geçirilmegi bilen aýratyn mana eýe bolýar. Türkmen bedewiniň milli baýramynda ahalteke atlarynyň gözellik bäsleşikleriniň hem-de baýramçylyk çapyşyklarynyň guralmagy bolsa asylly däbe öwrüldi. Şunuň bilen birlikde, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda bedew baýramynyň dabarasynyň hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen esaslandyrylan Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmeginiň on ýyllygy bilen utgaşmagy aýratyn bellenilmäge mynasyp. Çünki Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň esasy wezipeleri ahalteke bedewleriniň muşdaklarynyň, atçylyk boýunça hünärmenleriň pudagy ösdürmekdäki edýän tagallalaryny, alnyp barylýan işleri birleşdirmek arkaly atçylyk pudagynyň halkara derejesinde ösdürilmegine goşant goşmakdan, behişdi bedewleriň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakdan ybaratdyr.
Ahalteke atlaryna halkara derejede şeýle uly ähmiýet berilmegi, ilkinji nobatda, olaryň diňe bir türkmen halkynyň milli guwanjy bolman, eýsem, dünýä atçylygynda hem iň gadymy tohumlaryň biri hasaplanylýandygy bilen düşündirilýär. Örän irki döwürlerde döräp, seýisler tarapyndan kämil keşbe ýetirilen türkmen atlary dünýäniň köp bedewleriniň tohumynyň gowulanmagyna oňyn täsirini ýetiripdir. Olar owadanlyk, ýyndamlyk we çydamlylyk taýdan tapawutlanyp, bu tohumyň gelip çykyşynyň örän gadymylygy onuň halkymyzyň taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydygynda ýüze çykýar. Bu barada Gahryman Arkadagymyz: «Ýelden ýüwrük bedewler baradaky maglumatlar gadymy müsür faraonlarynyň ýazgylarynda, gadymyýetiň alymlary, ýazyjylary — Gerodotyň, Strabonyň, Aristoteliň, Gomeriň, Owidiniň, Wergiliniň, Ksenofondyň we beýleki meşhur alymlaryň sene ýazgylarynda we eserlerinde duş gelýär» diýip jaýdar belleýär. Göreni haýran edýän türkmeniň tohum atlarynyň waspy häzirki döwürde hem daşary ýurtly alymlar tarapyndan buýsançly beýan edilýär. Şunuň bilen birlikde Änewde, Marguşda, Goňurdepede, Altyndepede we ýurdumyzyň dürli künjeklerinde geçirilen arheologik gözlegleriň netijesinde tapylan at süňkleri we beýleki tapyndylar Watanymyzyň dünýäde ilkinji atlaryň eldekileşdirilen, tohumynyň kämilleşdirilen mekanydygyna şaýatlyk edýär.
Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde meşhur ahalteke atlaryň gadymdan gelýän şöhraty döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen yzygiderli dikeldilýär. Milli Liderimiziň bedewlere bolan belent söýgüsiniň, hormat-sarpasynyň netijesinde atlaryň ahalteke tohumyny gorap saklamak, köpeltmek we wagyz etmek boýunça işler döwlet syýasaty derejesine çykaryldy. Bu işlerde atşynaslyk sungatynyň ýörelgeleriniň häzirki zaman tehnologiýalary esasynda dowam edilip, has baýlaşdyrylmagy aýratyn orny eýeleýär. Netijede, ýurdumyzda milli atşynaslyk pudagy täze belentliklere çykarylyp, atçylyk sport düzümlerini, atçylyk sportunyň görnüşlerini we milli atşynaslyk däplerini ösdürmek, arassa ganly tohum atlaryň baş sanyny köpeltmek, olaryň nesil goruny saklamak, kämilleşdirmek, ussat çapyksuwarlaryň we atşynaslaryň ýaş neslini kemala getirmek ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürilýär. Çünki ahalteke bedewleri milli mirasymyzyň möhüm düzüm bölegidir.
Türkmeniň atçylyk sungaty özüniň milli özboluşlylygy hem-de gadymylygy bilen tapawutlanýar. At çapyşygynyň atçylyk sportunyň bir görnüşi hökmünde ilkinji gezek Merkezi Aziýada dörändigini tassyklaýan taryhy we ylmy maglumatlar ata-babalarymyzyň bu asylly däbini milli sport oýunlaryň özboluşly görnüşi hökmünde häzirki günlerimizde has-da ösdürmäge doly esas döredýär. Şu nukdaýnazardan, häzirki wagtda türkmeniň atçylyk sportuny ösdürmek bedew atlaryň çapyşygyna niýetlenen döwrebap aýlawlardyr atçylyk merkezleriniň gurulmagy, atşynaslaryň ýaş nesliniň kemala getirilmegi arkaly dowam etdirilýär.
Halkymyzyň gadymy dessury bolan at üstünde jigitlik sungatynyň nesilden-nesle geçirilmeginde her ýylyň at çapyşyk möwsüminde guralýan dabaraly çäreleriň aýratyn ähmiýeti bellenilmäge mynasyp. Çünki ýaş çapyksuwarlaryň ýaryşlara goşulmagy we ezberlik bilen ata erk etmegi halypa-şägirtlik mekdebiniň, nesil sazlaşygynyň nusga alarlyk mysalydyr. Atçylyk sportunyň biri hasaplanylýan türkmen jigitlik sungatynyň ýaşlara öwredilmegi türkmen atşynaslarynyň ýaş nesliniň kemala gelmegine, halypa-şägirtlik mekdebiniň özleşdirilmegi arkaly ýaşlarda watançylyk duýgusynyň berkemegine, milli gymmatlyklara, zähmete, türgenleşige bolan jogapkärçiligi artdyrýar. Bu işleriň atçylyk pudagynda netijeli we dogry ýola goýulmagy halkymyzyň gadymdan gelýän ezber çapyksuwarlar nesliniň dowam etmegine oňyn täsir edýär. Paýtagtymyzyň atçylyk sport toplumynda ýörite okuw merkeziniň, üsti ýapyk meýdançanyň döredilmegi hem ussat şägirtleri ýetişdirmekde türgenler çapyşygy, uzak aralyga çapuw, päsgelçiliklerden geçmek ýaly sportuň atly görnüşleri boýunça okuw-türgenleşigini geçmäge mümkinçilik berýän şertler döwletimiz tarapyndan milli atşynaslyk sungatynyň ösdürilmegi ugrunda döredilýän mümkinçilikleriň aýdyň mysalydyr. «Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary diýen hormatly adyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi hem ýaş nesiller üçin görelde mekdebi bolan atşynaslykda köp işleri alyp baran ussat halypalarymyzyň hormatynyň belent tutulmagydyr. Döwletimizde ussat atşynaslara «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy», «Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary», «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly atlaryň dakylmagy milli atşynaslygymyzy ösdürmekde halypa-şägirtlik mekdebiniň dowam etdirilmegine berilýän mynasyp baha bolmak bilen, halypa atşynaslarymyzy mundan beýläk hem atçylyk pudagynyň gülläp ösmegine uly goşant goşmaga ruhlandyrýar. Umuman, Diýarymyzda her ýylda bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramynda milli seýisçilik we atşynaslyk mirasymyzyň baýlaşdyrylmagynyň, ata-babalarymyzyň asylly däbiniň nesilden-nesle geçirilmeginiň dowamatyny görmek bolýar. Ata Watanymyzyň okgunly ösüşleriniň bedew badyna deňelmegi bolsa, ahalteke bedewiniň halkymyzyň ruhuny, bagtyýarlyk döwründe jemgyýetimiziň ösüşleriniň depginini aýdyň şöhlelendirýändigini äşgär edýär.
Bägül BEKÇIÝEWA,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň esasy hünärmeni.
“Nesil” gazeti,
23.04.2020ý.