Gözelligiň we ýyndamlygyň naýbaşy nusgasy hökmünde ykrar edilen ahalteke bedewi ýurdumyzyň täze taryhy eýýamynyň okgunly ösüşiniň baş nyşanyna öwrüldi. Ahalteke atlaryna belent sarpa goýýan milli Liderimiziň tagallalary netijesinde, behişdi bedewlerimiziň şan-şöhraty dünýä ýaň salýar.
Ahalteke atlary medeni mirasymyzyň aýrylmaz bir bölegidir. Taryha ser salsak, gadymy döwürlerden bäri ata-babalarymyzyň ahalteke atlaryny idetmek, olaryň sanyny köpeltmek, naýbaşy tohumlyk atlary seýislemek ýaly işlere aýratyn üns berendiklerini görmek bolýar. Ine, şonuň üçin hem gamyşgulak bedewlerimiz öz ýyndamlygyny, owadanlygyny, çydamlylygyny ýitirmän, şöhratly taryhy bilen biziň şu günümize çenli ýetip geldi. Biziň baş maksadymyz hem ahalteke bedewlerimizi, ýagny bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklarymyzy indiki nesillerimize ähli özboluşly aýratynlyklary bilen ýetirmekdir.
Ata-babalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgelerimize daýanyp, hormatly Prezidentimiz bu barada bimöçber tagallalary durmuşa geçirýär. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda atçylyk-sport toplumlary hereket edýär. Atşynaslar üçin ýörite atçylyk toplumlarynyň, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, okuw merkeziniň we zerur bolan binalaryň gurlup, ulanmaga berilmegi bu aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe behişdi bedewlerimiz döwlet tarapyndan alada bilen gurşalýar. 2015-nji ýylyň 21-nji noýabrynda «Atçylyk we atly sport hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanun ýurdumyzda behişdi bedewlerimize aýratyn hormat goýulýandygyna şaýatlyk edýär. Galyberse-de, 2017-nji ýylda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda konkur sporty bu halkara bäsleşiginiň sanawyna girizildi. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda 2010-njy ýylyň awgust aýynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy esaslandyryldy. Bu guramanyň esasy maksady arassa ganly ahalteke atlarynyň hasabyny ýöretmek, halkara atçylyksport ýaryşlaryna gatnaşmak, halkara atçylyk guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmek we naýbaşy ahalteke atlarynyň sanyny artdyrmak bolup durýar. Bu assosiasiýa türkmen we daşary ýurtly atşynaslary, atçylyk sporty bilen meşgul bolýan hünärmenleri, atçylyk sungaty bilen gyzyklanýan suratkeşleri we heýkeltaraşlary bir ýere jemlän gurama bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän, behişdi bedewlerimize bagyşlanan kitaplarynyň ähmiýeti aýratyn uludyr. «Gadamy batly bedew», «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Atda wepa-da bar, sapa-da » ýaly kitaplar hakyky ensiklopediki çeşme hökmünde hyzmat edýär. Ösüp gelýän ýaş nesillerimiz üçin terbiýe mekdebi hökmünde hyzmat edýän bu kitaplar ýaşlarda uly gyzyklanma döredýär. Olar kalbynda bedewlerimize bolan söýgi pürepürleýän islendik adam üçin gymmatly ýankitaba öwrüldi. Bu kitaplar daşary ýurtly atşynaslar üçin hem gymmatly maglumat çeşmesidir. Sebäbi rus we iňlis dillerinde ýazylan kitaplar daşary ýurtlular üçin türkmeniň guwanjy bolan behişdi bedewlerimiz bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiz bu ajaýyp kitaplarda ýaşaýşyň manysyny, türkmen halkynyň at bilen arabaglanyşygyny, onuň durmuşdaky tutýan ornuny beýan edýär. Ine, şonuň üçin hem bedewleriň köpasyrlyk taryhyndan habar berýän bu dürdäne kitaplar bütin dünýäde uly seslenme döretdi. Türkmen atlarynyň gelip çykyşyny, şöhratly taryhyny we gaýtalanmajak gözelligini açyp görkezýän bu kitaplar filosofiki oý-pikirleri özünde jemleýär. Kitapdaky berilýän gymmatly maglumatlar täsin, şol bir wagtyň özünde düýpli we ylmy esaslara daýanýar.
Jemläp aýdanymyzda, Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan çykan ajaýyp eserleri biziň her birimiz üçin gymmatly gollanmadyr. Halkymyza şeýle ajaýyp kitaplary sowgat berýän hormatly Prezidentimiziň galamy ýiti bolsun!
Sona ISLAMOWA,
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.
“Nesil” gazeti,
26.04.2020ý.