Bedew atlar hakynda gürrüň açylanda, hökmany suratda söz ussady Seýitnazar Seýdiniň «Tagty-Süleýmandyr üsti bedewiň» diýen ajaýyp setirlerini ýatlaýandyrys. Bedew atlar hakyndaky islendik buýsançly gürrüňi halkymyz hut özi hakyndaky gürrüň hökmünde kabul edýär. Çünki bedew türkmen ýigidiniň dostudyr, ýoldaşydyr, syrdaşydyr.
Ýeri gelende bellesek, türkmeniň gamyşgulak dal bedewleriniň waspy äleme meşhurdyr. Taryhyň has irki döwürleri barada häsiýetnama ýazan dünýä danyşmentleri — taryhçylary, syýahatçydyr alymlary, ýazyjydyr şahyrlary bu hakykaty ençeme gezek tekrarlapdyrlar. Olaryň biri-birinden habarsyz ýazan maglumatlary şol bir hakykatyň tekrarlamasy bolup ýaňlanýar.
Dost hakyndaky gürrüň dostuň dilinde waspnama öwrülende, onuň ähmiýeti has-da artýar. Muny biz hormatly Prezidentimiziň ahalteke bedewleri bilen baglanyşykly döreden ajaýyp eserleriniň mysalynda-da aýdyň görýäris. Bellemeli zat, milli Liderimiziň jöwher paýhasyndan kemala gelen «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Ganatly bedewler», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» ýaly kitaplaryny okanyňda bedew atlarymyz dogrusyndaky rowaýatlardyr tymsallar, durmuş hakykatlarydyr taryhy maglumatlar özüne bendi edýär. Döwlet Baştutanymyzyň «Döwlet guşy» romanynda hem bedew atyň edebi keşbi örän ussatlyk bilen beýan edilýär.
Türkmen halky nesilbaşymyz Oguz hanyň zamanyndan bagtyýarlyk döwrümize çenli bedew aty bilen taryhda egin deňläp, şöhratlanyp geldi. Bu günki gün hem türkmen bedewlerine mertebe şany berilýär. Bu hakynda hormatly Prezidentimiz: «Taryhyň gatlarynda bolup geçen ähli wakalara bedewlerimiz gönüden-göni dahylly bolmasa-da, olary bedewsiz göz öňüne getirmek kyndyr» diýip jaýdar belleýär.
Dogrudanam, halkymyzyň taryhyny bedew atsyz göz öňüne-de getirmek mümkin däl. Hut şonuň üçin hem Gahryman Arkadagymyzyň parasatly we oýlanyşykly döwlet syýasaty netijesinde, her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy döwlet derejesinde dabaraly baýram edilýär. Baýramçylyk günlerinde milli şaý-sepler bilen bezelen bedewlerimizi synlanyňda, zergärlerimiziň ussatlygyna haýran galýarsyň. Bu hakyndaky gürrüňler hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden syzylyp çykan «Atda wepa-da bar, sapa-da » atly kitabynda atlarymyza bolan milli buýsanç eriş-argaç bolup geçýär. Bu kitapdaky: «Türkmen bedewleriniň owadan şaý-esbaplary türkmen zergärçiliginde ünsden düşürilmeýän ugurlaryň biridir. Türkmen bedewleri dünýäniň iri sirk aýlawlarynda, gözellik sergilerinde şol ajaýyp bezegleri bilen hem mähelläni haýran galdyrýar. Bedewleriň owadan şaý-sepleri olaryň türkmen durmuşyndaky ykjam ornunyň subut edilmesidir. Olar jemgyýetçilik kanunlarynda we gatnaşyklarynda kemala gelip, taryhy durmuşyň mertebeli şaýatlaryna öwrüldiler» diýen jümleler hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.
Goý, türkmen bedewleriniň bagtyň owazyna meňzeş kişňemesi toý-baýramlarymyzda hemişe ýaňlanyp dursun! Behişdi bedewlerimiz baradaky aladany dünýä derejesine çykaran, olary ýetişdirmek, idetmek, seýislemek babatda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, tutýan tutumly işleri rowaç bolsun!
Nurmyrat ARAZDURDYÝEW,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň baş hünärmeni.
“Nesil” gazeti,
28.04.2020ý.