Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli ynsanperwer syýasatynyň netijesinde ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Netijede, adam hakyndaky aladadan gelip çykýan wezipeler öz oňaýly çözgütlerini tapýar. Saglyk ulgamyna degişli täze binalaryň, sport toplumlarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň giňden ornaşdyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň bitiren ägirt uly işleriniň biri-de halkymyza sowgat beren «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplarydyr. Olarda Diýarymyzda ösýän dürli ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri açylyp görkezilýär hem-de olary ulanmagyň usullary maslahat berilýär. Bu kitaplaryň many-mazmuny talyp ýaşlaryň arasynda uly gyzyklanma bilen öwrenilýär. Şu niýet bilen orta we ýokary okuw mekdeplerinde okuwçylardyr talyp ýaşlar bilen geçirilýän wagyz-nesihat işlerinde mugallymlar, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri sagdyn durmuş ýörelgelerini yzygiderli ündeýärler. Hormatly Prezidentimiz öz çykyşlarynyň birinde: «Belent maksatlara diňe oýlanyşykly we döredijilikli işler, beden we ruhy kämillik, ýeňişlere we üstünliklere bolan uly ynam bilen ýetip bolar» diýip belläpdi.
Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ýene bir ugry arassaçylyk bilen baglydyr. Ine, bu hem çagalaryň, ýaşlaryň, olaryň ata-eneleriniň arasynda giňden wagyz edilmelidir. Onuň, ilki bilen, elleriňi arassa saklamakdan başlanýandygyny çagalara düşündirmelidir. Bu babatda maşgala terbiýesiniň hem möhümdigini aýratyn bellemelidiris. Şonuň üçinem ata-eneler bilen bilelikde iş alyp barmak özüniň gowy netijelerini berýär. Oňa saglyk ulgamynyň işgärleri hem özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen bedenterbiýe we sport syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde Türkmenistan sport dünýäsinde görlüp-eşidilmedik derejelere ýetdi. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk baýramçylygynyň dabaraly bellenilýän ýylynda gurlup ulanylmaga beriljek desgalaryň içinde saglyk we sport desgalarynyň, bilim ojaklarynyň, çagalar baglarynyň hem möhüm orun eýeleýändigi kalbyňda buýsanç duýgularyny oýarýar.
Atajan ORAMADOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.
“Nesil” gazeti,
30.04.2020ý.