KÖPUGURLY HYZMATDAŞLYK ÖSDÜRILÝÄR

22-nji aprelde hormatly Prezidentimiz bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň we BMG-niň arasynda däp bolan hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hem-de dünýäde ýüze çykan has möhüm häsiýetli meseleler ara alyp maslahatlaşyldy. Telefon söhbetdeşliginiň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

Häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen köpugurly hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň strategik ugry hasaplanýar. Onuň özenini hemişelik Bitaraplyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgeleri düzýär. Bu hyzmatdaşlyk özara gatnaşyklaryň taryhy tejribesine daýanyp, häzirki döwürde täze we anyk many-mazmuna eýe bolýar. Türkmenistan döwletimiziň BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň we agentlikleriniň agzalygyna kabul edilmegi hem şeýle köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigine şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda «Açyk gapylar» we hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerinden ugur alyp daşary syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenistan BMG-niň esasy edaralarynyň biri bolan EKOSOS bilen hyzmatdaşlyga uly üns berýär. Bu babatda aýdanymyzda, 2018-nji ýylda Türkmenis­tan 2019 — 2021-nji ýyl­lar üçin BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzalygyna saýlanypdy. Gysga wagtdan soň, 2019-njy ýylda ýurdumyz BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň esasy düzüm bölekleriniň, has ta­ky­gy, 2020 — 2022-nji ýyl­lar döwri üçin Bütindünýä azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň, 2020 — 2024-nji ýyl­lar döw­ri üçin Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň we 2020 — 2023-nji ýyl­lar döw­ri üçin Neşe serişdeleri boýunça komissiýasynyň agzalygyna kabul edildi. Mälim bolşy ýaly, golaýda Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasyndan Türkmenistanyň BMG-niň ýene iki dü­zü­mi­niň — Yk­dy­sa­dy we Dur­muş geňeşiniň edaralarynyň düzümine girýän Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň 2021 — 2025-nji ýyl­lar döw­ri üçin we Ösüşiň bähbidine Ylym we tehnika boýun­ça ko­mis­si­ýa­sy­nyň 2021 — 2024-nji ýyllar döwri üçin agzalygyna saýlanandygy hakyndaky hoş habaryň gelip gowuşmagy ýurdumyzyň bu iri wekilçilikli halkara düzüm bilen gatnaşyklarynyň barha giň gerim alýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Munuň özi ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyl­ly­gy­nyň bel­le­nil­jek «Türk­me­nistan — Bi­ta­rap­ly­gyň me­ka­ny» ýy­lyn­da Türkmenistanyň BMG we onuň edaralary bilen hyzmatdaşlygynyň üstünliklere beslenýändiginiň subutnamasy boldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşine halkara ykdysady we durmuş meseleleri ara alyp maslahatlaşmakda möhüm orun degişlidir. Geňeş bu babatda döwletler üçin maslahatlary işläp taýýarlamakda merkezi edara bolup durýar. Bu Geňeşiň düzümine ähmiýetli guramalar we dürli komissiýalar girýär. Olaryň hatarynda Ösüşiň bähbidine Ylym we tehnika boýunça komissiýasy, Ilat we ösüş boýunça komissiýasy we Durmuş ösüşi boýunça komissiýasy bar. Türkme­nis­tan bu­lar­dan 2014 — 2016-njy ýyllar döwri üçin Ösüşiň bähbidine Ylym we tehnika boýunça komissiýanyň hem-de 2014 — 2017-nji ýyl­lar döwri üçin Durmuş ösüşi boýunça komissiýanyň agzalygyna kabul edilipdi. EKOSOS-yň Durmuş ösüşi boýunça ko­mis­si­ýa­sy 1946-njy ýyl­da esas­landyryldy. Komissiýa EKOSOS-yň geňeşini geçirýär, durmuş syýasatynyň ähli ulgamyny we onuň ileri tutulýan ugurlaryny işläp taýýarlamak hem-de olary halkara ülňülerine laýyklykda amala aşyrmak bilen meşgullanýar. Ol ählumumy durmuş ösüşiniň meseleler toplumy boýunça teklipleri we bilermenleriň netijelerini beýan edýär. Şun­da 2021 — 2025-nji ýyl­lar döw­ri üçin komissiýa gaýtadan saýlanylmagy ýurdumyzyň häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň çözgüdini işläp taýýarlamakda, sebit we ählumumy möçberde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmeginde umumy tagallalary utgaşdyrmakda möhüm orun eýeläp, halkara abraýa eýe bolýandygyny görkezdi.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň ýene iki sany möhüm düzümine saýlanmagy milli Liderimiziň başda durmagynda ýurdumyzyň dünýädäki abraýynyň barha artýandygynyň, häzirki zaman dünýäniň möhüm meseleleriniň çözgüdinde ýurdumyz tarapyndan saýlanylyp alnan halkara hyzmatdaşlyk ugrunyň dogrulygynyň, biziň alyp barýan daşary syýasatymyzyň howpsuzlyk, öňe gidiş we Durnukly ösüş maksatlaryna laýyklykda anyk kesgitlenilendiginiň aýdyň subutnamasy boldy.

Jumamyrat GUTLYÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyby.

“Nesil” gazeti,

05.05.2020ý.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 11 okalan

ASYRLARA ÝÖRELGE – NESILLERE GÖRELDE

29 Noýabr 2024 | 8 okalan

NOU – HAU