BILIM DÜNÝÄSINDE BATLY GADAMLY
Oba hojalygynyň dürli ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamaga uly goşant goşýan hem-de bagtyýar zamanamyzda has uly ähmiýete eýe bolan bilim ulgamynyň özgertmeleriniň aýdyň alamaty hökmünde Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 17-nji martyndaky Karary esasynda işe başlan Türkmen oba hojalyk institutynda agronomçylyk, weterinar lukmançylygy, şeýle hem gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetlerinde ençeme hünärler boýunça hünärmenler taýýarlanylýar. Institutda 14 kafedra hereket edip, oba hojalyk ylymlarynyň dürli ugurlary boýunça ylmy barlaglar alnyp barylýar.
Institutda bir müň iki ýüze golaý talyp bilim we terbiýe alyp, olara agronomçylyk, agroekologiýa, agrohimiýa we topragy öwreniş, weterinar lukmançylygy, oba hojalygynyň ykdysadyýeti, oba hojalygynda buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit, gidromelioratiw ulgamlarynyň ulanylyşy, gidromeliorasiýa, oba hojalygyny mehanizmleşdirmek, oba hojalygynda maglumat ulgamlary, tehniki hyzmatyň guralyşy we tehnologiýasy, oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy, ýer gurluşygy we kadastry hem-de ýyladyşhana hojalygy ýaly hünärler boýunça ylym-bilim berilýär.
Okuw mekdebi okatmagyň ösen ylmy-innowasion tehnologiýalary, interaktiw-multimedia enjamlary, internet toruna birikdirilen kompýuterler bilen doly üpjün edilen. Bu bolsa talyp ýaşlara bilim-terbiýe bermegiň netijeliligini artdyryp, olaryň kämil tehnologiýalary ele almaklaryna we ylym, bilim, hünär öwrenmeklerine giň ýol açýar. Okuw mekdebinde hereket edýän kitaphana mugallymlaryň, talyplaryň hyzmatynda. Şeýle hem ýokary okuw mekdebinde elektron kitaphananyň işi ýokary derejede ýola goýlan.
Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny ýerine ýetirmegiň meýilnamasyny durmuşa geçirmekde uzak aralykdan okatmagy guramak (wideoşekilli sapaklar we maslahatlar) işleri giň gerimde alnyp barylýar. Bu wezipäni amala aşyrmak maksady bilen, ýokary okuw mekdebinde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda uzak aralykdan (distansion) okuwlary geçmek boýunça ýöriteleşdirilen okuw otagy döredilip, otag telewizorlar, kameralar, kompýuterler bilen üpjün edildi. Uzak aralykdan geçirilýän okuwlar ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryna we talyplaryna özara tejribe alyşmaga hem-de okuw-ylmy täzelikleri bilen tanyşmaga mümkinçilik döredýär.
Institutyň mugallymlary halkara ylmy-amaly maslahatlara gatnaşýarlar, şeýle-de olaryň dünýäniň onlarça döwletlerinde bolup, hünär kämilleşdiriş okuwlaryna gatnaşyp, dürli ugurlar boýunça kämilleşmekleri uly ähmiýete eýedir. Amala aşyrylýan bu okuwlaryň çäklerinde ýaş nesle döwrebap, dünýä ülňülerine laýyk hünär öwretmekde professor-mugallymlaryň hünär kämilleşdiriş, şeýle hem hyzmatdaş ýurtlaryň okuw mekdepleriniň we önümçilik gurluşlarynyň binýadynda guralýan ýörite okuwlarda bolup öz tejribelerini artdyrmaklary oňyn netijelerini berýär.
Aýratyn nygtamaly zatlaryň biri-de, Türkmen oba hojalyk institutynda halkara gatnaşyklary ösdürmek boýunça alnyp barylýan köpugurly işlerdir. Ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarydyr talyp ýaşlarynyň dünýäniň ösen ýurtlarynda iş saparlarynda bolmaklary olara bu ýurtlaryň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmäge, ylmyň iň soňky gazananlary bilen tanyşmaga we olary öz iş tejribelerinde peýdalanmaklaryna ýardam berýär.
ÜSTÜNLIKLERE TARAP
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyp ýaşlarynyň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda okuw dersleri boýunça her ýyl geçirilýän Döwlet ders bäsleşiklerine yzygiderli gatnaşyp, ýokary netijeleri görkezýändikleri hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan bilim özgertmeleriniň guwandyryjy miweleridir. Zehinli talyp ýaşlaryň ders bäsleşiklerinde gazanýan üstünliklerine nazar salanyňda, institutyň ýaşdygyna garamazdan, ýurdumyzyň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň hatarynda durýandygyna göz ýetirýärsiň. Institutyň mugallymlary we talyplary halkara ders we internet bäsleşiklerine, ýurdumyzda geçirilýän halkara maslahatlara hem-de sergilere yzygiderli gatnaşyp, daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri bilen tejribe alyşýarlar.
Institutyň talyp ýaşlarynyň halkara açyk internet olimpiadalaryna gatnaşyp, altyn, kümüş we bürünç medallaryň 200-e golaýyny eýeländikleri, halkara internet bäsleşiklerinde dürli derejeli Diplomlaryň hem-de Hormat hatlaryň 100-den gowragyna mynasyp bolandyklary guwandyryjy hakykatdyr. Ýeri gelende, halkara ders bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp, diňe bir bu ýokary okuw mekdebiniň däl, eýsem, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň bilim babatdaky abraýyna abraý goşan talyplaryň atlaryny agzap geçsek ýerlikli bolar. Olardan institutyň talyplary Eziz Kakyşowyň, Nury Atajanowyň, Myrat Amandurdyýewiň, Azat Amangeldiýewiň, Resul Annamuhammedowyň, Babageldi Joraýewiň, Muhammet Mirabowyň hemde Eziz Agajanowyň gazanan netijeleri has-da buýsandyryjydyr.
Şu ýerde aýratyn bellemeli zatlaryň biri-de, Türkmen oba hojalyk institutynda 2018 — 2019-njy hem-de 2019 — 2020-nji okuw ýyllarynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda ilkinji gezek inžener we kompýuter grafikasy boýunça 1-nji we 2-nji Açyk grafika olimpiadasynyň geçirilmegidir. Türkmen oba hojalyk institutynyň guramagynda geçirilýän bu olimpiada 2 şert boýunça geçirilip, olimpiadanyň birinji şertinde inžener grafikasy boýunça ýumuşlar kagyz ýüzünde ýerine ýetirildi. Olimpiadanyň ikinji şertinde kompýuter grafikasy boýunça kompýuter grafiki redaktorlarynda birnäçe böleklerden ybarat bolan önümiň gurnaýyş çyzgysy esasynda 3 ölçegli modelini taýýarladylar.
SPORT — KÖŇLE BAGLAN ŞAMÇYRAGYMYZ
Bagtyýar talyplaryň okuw sapaklaryndan boş wagtlaryny ruhubelent, şadyýan geçirmeklerini gazanmak maksady bilen institutyň binalar toplumyna özboluşly gelşik berip oturan sport merkezi hereket edýär. Sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmak üçin häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän täze, döwrebap türgenleşik enjamlary bilen abzallaşdyrylan sport merkezinde bedenterbiýe okuw sapaklary bilen birlikde sport türgenleşikleri geçilýär.
Merkezde futbol meýdançasy, ylgaw ýodalary, tennis hem-de basketbol meýdançasy, ýapyk görnüşli woleýbol we basketbol zaly, suwda ýüzmek, suw pökgüsini oýnamak üçin enjamlaşdyrylan ýapyk görnüşli howuz bar. Bu döwrebap sport merkezinde institutyň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmaklarynda sport ýaryşlary hem-de türgenleşikler yzygiderli geçirilýär.
Ýokary okuw mekdebiniň talyplary sportuň milli görnüşleri boýunça geçirilýän dürli ýaryşlara, döwlet, welaýat, şäher derejesindäki we talyplaryň arasyndaky, şeýle-de ýurdumyzyň baýramçylyklaryna bagyşlanyp geçirilýän sport çärelerine işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Institutyň talyplarynyň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça baýramçylyklara we şanly senelere bagyşlanyp ýaryşlar, «Saglyk günleri», «Saglyk ýoluna» ýörişler, sport baýramçylyklary ýokary derejede geçirilýär.
Institutda sportuň futbol, woleýbol, basketbol görnüşleri boýunça hereket edýän «Ak altyn» topary dürli derejede geçirilýän ýaryşlara işjeň gatnaşyp, üstünlikli çykyş edýär.
YLYM — ÖSÜŞLERIŇ GÖZBAŞY
Eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda «Türkmenistanda ylym ulgamyny kämilleşdirmek hakynda», «Türkmenistanda ýokary derejeli hünärmenleri we ylmy işgärleri taýýarlamagy üpjün etmek hem-de ylmy taslamalara döwlet maliýe goldawyny bermek hakynda» Kararlaryň kabul edilmegi hem-de olaryň üstünlikli amala aşyrylmagy ylma aýratyn üns berilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan kabul edilen «Türkmenistanda ylmyň we tehnikanyň ileri tutulýan ugurlary barada» Karar arkaly ýurdumyzda ylmy we tehnologiýalary mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy wezipeleri kesgitlenildi.
Bu belent wezipeleri amal etmek boýunça hem institutyň mugallymlarynyň we bagtyýar talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň demirgazyk etraplarynyň toprakhowa şertlerinde güýzlük bugdaýy, gowaçany we beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň suw we serişde tygşytlaýjy täze tehnologiýasyny işläp düzmek, gowaçanyň ir ýetişýän, bol hasylly, süýüminiň çykymy we hili ýokary bolan, kesellere durnukly sortlaryny, güýzlük bugdaýyň gurakçylyga we topragyň duzuna durnukly ýokary hasylly sortlaryny döretmek, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň şor suw akabasynyň suwlaryny süýjedip ekerançylykda ulanmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek, miwe-gök önümlerini saklamagyň we gaýtadan işlemegiň täze usullaryny işläp düzmek hemde önümçilige ornaşdyrmak ýaly oba hojalyk ylmynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar.
Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen gurlup ulanylmaga berlen Türkmen oba hojalyk instituty Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, sözüň doly manysynda, ýurdumyzyň iň abraýly ylmy merkezleriniň birine öwrüldi. Has takygy, hormatly Prezidentimiziň 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda kabul eden Karary esasynda Türkmen oba hojalyk institutynyň garamagynda ylmy-önümçilik merkezleriniň döredilmegi oba hojalyk ylmyny döwrebaplaşdyrmaga, alnyp barylýan ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga, ylmyň, bilimiň we önümçiligiň özara utgaşdyrylmagyny üpjün etmäge, professor-mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň ylmy-barlag işlerine işjeň gatnaşmagyna mümkinçilik döretdi.
BAGTYÝARLYK JOŞGUNY
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyz şöhratly geçmişimizi döwrebap dowam etdirip, şanly ertelerimiziň eýeleri boljak ýaşlarymyzyň beden we ruhy taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly, päk ahlakly, ussat hünärmen bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleri, mümkinçilikleri döredýär.
Talyp ýaşlaryň medeniýet ojagyna, döredijilik merkezine öwrülen, ýaşlarda medeniýetimize, sungatymyza söýgini döretmegi, olary giň gözýetimli we milli medeniýetimize hormat goýýan hünärmenler edip ýetişdirmegi maksat edinýän Türkmen oba hojalyk institutynyň Medeniýet merkezinde «Bagtyýarlyk joşguny» atly döredijilik topary hereket edýär. Bu topara döredijilige, aýdym-saza höwesli ýaşlar gatnaşyp, özleriniň döredijilik ukyplaryny has-da ösdürýärler. «Bagtyýarlyk joşguny» döredijilik toparyna milli sungatymyzyň dürli ugurlary boýunça 70-e golaý talyp yzygiderli gatnaşýar.
Türkmen oba hojalyk institutynyň Medeniýet merkezi talyp ýaşlaryň we mugallymlaryň iň bir gelim-gidimli ýerine, Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny, milli medeniýetimizi, şan-şöhrata ýugrulan taryhymyzy wasp edýän ojaga öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň sowgat beren institutynyň kaşaň binalar toplumyna üýtgeşik gelşik berip oturan Medeniýet merkeziniň binasy özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Medeniýet merkezinde sergileri guramak, medeni-köpçülik çäreleri, duşuşyklary geçirmek üçin zallar, aýdymlary ýazgy etmek üçin otaglar, umuman, ähli mümkinçilikler döredilendir. Türkmen oba hojalyk institutynyň Medeniýet merkezinde talyp ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek, giň gözýetimli, öz kärine ussat, başarjaň hünärmenler edip ýetişdirmek maksady bilen, syýasy partiýalaryň, iri jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, ýurdumyzyň pudak ýolbaşçylary we tanymal hünärmenleri, hukuk we saglygy goraýyş edaralarynyň hem-de medeniýet we sungat işgärleri bilen duşuşyklar yzygiderli guralýar.
TEJRIBE KÄMILLEŞMEGIŇ ÖZENIDIR
Ýokary okuw mekdebinde nazary bilimler bilen bilelikde okuw tejribeligi ýokary hilli alnyp barylýar. Nazary sapaklarda öwrenilen maglumatlary institutda ýörite hereket edýän okuw-tejribe hojalygynda halypa mugallymlaryň ýolbaşçylygynda tejribede amal edilýär. Okuw we önümçilik tejribeliklerinde talyplar diňe bir maglumat toplamak bilen çäklenmän, eýsem, ylmyň gazananlarynyň ýola goýluşy bilen tanyşýarlar.
Ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, institutda okuw we önümçilik tejribelikleriniň nazary okuwlar bilen utgaşdyrylyşyny döwrebap guramak hem-de kämilleşdirmek işleri ýörite düzülen iş meýilnamasy esasynda alnyp barylýar.
Ýokary okuw mekdebinde tomusky okuw we önümçilik tejribeliklerini talabalaýyk ýola goýmak maksady bilen, Daşoguz, Lebap hem-de Mary welaýatlarynyň oba hojalyk edara-kärhanalary bilen şertnama baglaşylandygyny aýratyn nygtamak gerek. Şertnama hünärleriň tassyklanan okuw meýilnamalaryna esaslanyp, talyplaryň okuw we önümçilik tejribeliklerini okuw meýilnamasyna görä, bellenen möhletlerde, hünärine laýyklykda, ýokary derejede geçirmek göz öňünde tutulyp düzüldi.
Ýokary okuw mekdebini tamamlaýan uçurymlary öz hünär aýratynlyklaryna laýyklykda işe ýollamak wezipesi hem talabalaýyk ýola goýuldy. Uçurymlaryň işe ugradyljak ýerleri Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi we Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen ylalaşylýar hem-de bu babatda degişli işler geçirilýär.
Sahypany taýýarlan Maýsa ÖDEKOWA,
“Nesil” gazeti,
12.05.2020ý.