SAGLYGYMYZY GORAP SAKLAMAK UGRUNDA ALADA ETMEGI HER BIRIMIZ ENDIK EDINMELIDIRIS.

LUKMANYŇ MASLAHATY

Arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmek saglygymyzy goramagyň iň ilkinji we möhüm şertidir.

Beýnimiziň we bedenimiziň işjeň bolmagy üçin wagtly-wagtynda kadaly ukyny almaly.

Ýo­kanç ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak mak­sa­dy bilen geçirilýän sanjym çärelerine hökmany gatnaşmaly.

Agşamlyk naharyndan soň, azyndan 30 minut arassa howada gezelenç etmeli.

Iýmitimiziň düzüminde gök we miwe önümleri agdyk bolmaly.

Bedenimiziň çeýeligini saklamak üçin sport tanslaryny ýerine ýetirmeli.

Ellerimizi hemişe sabynlap ýuwmaly, arassa saklamaly.

Ertirki maşklary ýerine ýetirmeli.

Ýi­ti res­pi­ra­tor ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak üçin ajy burçdan, sarymsakdan peýdalanmaly.

Ertirlik çaýyny şekerli içmeli, sebäbi glýukoza bedenimizi gurplandyrýar.

Otagyň penjiresini açyp, ýelejiredip durmaly.

Açyk güneşli howa çykylanda kellä başgap geýmeli.

SAGDYN JEMGYÝET — SAGDYN DÖWLET

Berkarar döwletimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak, sagdyn nesilleri ýetişdirmek, ilaty köpçülikleýin betenterbiýe-sport hereketine çekmek döwlet syýasatynda möhüm ugurlaryň biri hasaplanylýar. Sport hem-de bedenterbiýe hakda söz açylanda hormatly Prezidentimiziň atalyk aladalary bilen sport ulgamynda ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikleri ýatlaman geçmek mümkin däl. Bagtyýar Watanymyzda milli Liderimiziň göreldesine eýerýän ýaşlar sportuň birnäçe görnüşinden başarnyklaryny artdyrýarlar. Muňa halkara sport bäsleşiklerine yzygiderli gatnaşýan we baýrakly orunlary eýeleýän türkmen türgenleriniň ussatlyk derejesine seredenimizde has aýdyň göz ýetirýäris. Hormatly Prezidentimiziň: «Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge, raýatlarymyzyň işjeňligini artdyrmaga hem-de saglygyny berkitmäge hemişe uly üns bereris» diýip belleýşi ýaly, döwletimizde bedenterbiýäniň we sportuň ösen ulgamyny döretmek hem-de kämilleşdirmek babatdaky tagallalaryň netijesinde, Türkmenistan köpçülikleýin sportuň ösýän we abraýly halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän mekanyna öwrüldi. Hakykatdan hem, hormatly Prezidentimiziň saýasynda gurlup ulanylmaga berilýän sport desgalaryny göreniňde, geçirilýän sport çäreleriniň guramaçylyk derejesine üns bereniňde Türkmenistan Watanymyzyň sagdynlygyň ýurdudygyna, sportuň dabaralanýan, bedenterbiýäniň şöhratlanýan mekanydygyna magat göz ýetirýärsiň. Ýurdumyzda bina edilen sport desgalarynda we toplumlarynda yzygiderli sport ýaryşlary geçirilýär. Bu bolsa Türkmenistanyň dünýäde sport abraýynyň ýokarydygyny tassyklaýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek üçin mundan hem örän oňaýly şertleriň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda ynsan saglygy iň ýokary baýlyk hasaplanýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby halkymyz üçin bahasyna ýetip bolmajak gollanma bolup hyzmat edýär. Bu kitapda Watanymyzda bitýän ösümlikleriň bejeriş häsiýetleri, ýaýrawy barada giňişleýin maglumat berilýär. Olardan ynsan saglygyna oňaýly täsir edýän melhemler taýýarlanýar. Bu bolsa ýurdumyzda ynsan saglygyna berilýän ünsden nyşandyr.

Şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!

Zyleýha HAÝDAROWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

“Nesil” gazeti,

07.05.2020ý.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 11 okalan

ASYRLARA ÝÖRELGE – NESILLERE GÖRELDE

29 Noýabr 2024 | 8 okalan

NOU – HAU