DÖWREBAP SEÝILGÄHLER — PAÝTAGTYMYZYŇ GÖRKÜNIŇ TÄZE ŞUGLASY

Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur yhlasy bilen özgerip, häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen täze ösüşlere beslenýän ata Watanymyzyň gözel paýtagtynyň durmuşynda bolup geçýän özgerişlikler raýatlarymyzyň kalbynda egsilmejek buýsanç duýgusyny oýarýar. Ajaýyp şaýollar, gözel binalar, medeni ýadygärlikler, ylym-bilim hem-de sport desgalary paýtagtymyzyň görküne görk goşýar. Mälim bolşy ýaly, 13-nji sentýabrda paýtagtymyzda döwrebaplaşdyrylan “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy” seýilgähiniň durky täzelenip, şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda ulanmaga berildi.

Seýilgähler — ynsan ruhunyň ganaty. Täze seýilgäh Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň göwnejaý dynç almaklary üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Bu ýerdäki uzaklara ýaýylyp gidýän ýaşyl zolaklar, güýz paslyna atyr ysyny saçyp oturan elwan güller, çagalaryň wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin döredilen ýörite meýdançalar, dürli baglar ajaýyp sazlaşygy döredýär. Seýilgähdäki welosiped ýodalary, dynç alyş bassyrmalary we beýleki gözellikler ähli ýaşdaky raýatlaryň medeniýetli dynç almaklaryna gönükdirilendir.

Ýurdumyzda her bir şanly wakany aýdym-sazly medeni çykyşlar bilen garşylamak asylly däbe öwrüldi. Döwrebaplaşdyrylan seýilgähiň açylyş dabarasy mynasybetli çagalar skripkaçylar toparynyň we erteki gahrymanlarynyň, Türkmen döwlet gurjak teatrynyň artistleriniň çykyşlary dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Açylyş dabarasynyň çäklerinde döredijilik we sport bäsleşiklerine gatnaşyp, ýeňiji bolan çagalara Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň adyndan ýörite sowgatlar gowşuryldy.

Döwrebaplaşdyrylan seýilgähiň açylyp, ulanmaga berilmegi Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer ýörelgesiniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň gülläp ösmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tutýan tutumly beýik işleri rowaçlyklara beslensin.

Myrat GOŞAÝEW,

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň

Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.

Meňzeş habarlar