Asuda Watan — berkarar döwlet

Asudalygyň, agzybirligiň, sagdynlygyň we beýik maksatlara okgunlylygyň rowaç ülkesinde ähli ýagşy işler, beýik tutumlar öňe ilerlemek we ösmek bilendir. Watanyň asudalygy, döwletiň berkararlygy, il-günüň bagtyýarlygy her bir beýgelişe we ählitaraplaýyn ösüşe esasy söýget bolup hyzmat edýär. Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ähli ugurlarynda, medeni, ylym-bilim, senagat we ykdysady pudaklarda, il-halk bilen bagly ähli pursatlarda «Döwlet adam üçindir!» diýen çuňňur manyly sözi amal edýän milli Liderimiz halkyň bagtyýarlygy we döwlet berkararlygy üçin öňdengörüjilikli beýik işleri amala aşyrýar. Döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk derejesine ygrarly bolmak bilen ýurdumyzyň dost-doganlyk serhetleriniň göwnejaý goralmagy, ýurtda asudalygyň höküm sürmegi ýaly döwlet ähmiýetli meseleler milli Liderimiziň hemişe üns merkezinde. Golaýda Balkan welaýatyna iş saparyna ugramak bilen hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2018-nji ýylyň birinji aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri jemlenildi, şeýle hem ýakyn geljek üçin wezipeler kesgitlenildi.

Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň netijeleri, harby özgertmeleri yzygiderli öňe ilerletmek boýunça milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişine, harby-deňiz güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça görülýän çärelere, jemgyýetçilik tertibini saklamak, düzgün bozmalaryň hem-de ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işlere, Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň asudalygyny üpjün etmek boýunça geçirilýän özgertmelere laýyklykda, 2018-nji ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işler, ähli pudaklarda kanunçylygyň gyşarnyksyz berjaý edilmegine prokuror gözegçiligini üpjün etmek boýunça ýanwar aýynda geçirilen işler, Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň alyp baran işleriniň netijeleri hem-de korrupsiýa garşy göreşmek boýunça ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn çäreler barada hasabatlar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine laýyklykda parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny işjeň durmuşa geçirýändigini, munuň goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinada öz beýanyny tapandygyny nygtady.

Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, düzümleriniň döwrebap derejede enjamlaşdyrylmagynyň, serkerdeleriň hem-de esgerleriň üstünlikli gulluk etmegi, harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş şertleriniň gowulandyrylmagy harby ulgamda özgertmeleriň esasy ugurlary bolup durýar diýip, milli Liderimiz şolar bilen bagly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanylmalydygyny tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň hem-de halkymyzyň bähbitleriniň goragynda durmak bilen, ýurdumyzyň abadançylygyny we gülläp ösmegini, onuň raýatlarynyň parahatçylygyny we asudalygyny üpjün etmäge gönükdirilen Ýaragly Güýçleriň ähli düzümleriniň ysnyşykly, sazlaşykly işlemeginiň wajypdygyna bu ýere ýygnananlaryň ýene-de bir gezek ünsüni çekdi. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde goýlan wezipeler her bir ýolbaşçydan tabşyrylan işe ýokary yhlasly, jogapkärli çemeleşmegi talap edýär diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiziň belläp geçişi ýaly, Harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli täzelenip durýar. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz güýçleriniň üsti döwrebap tehnikalar we harby gämiler bilen ýetirilýär. Bularyň ählisi ýurdumyzyň deňiz serhetleriniň ygtybarlylygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen anyk çärelerdir. Harby gullukçylar we olaryň maşgalalary barada yzygiderli alada edilýär. Watanymyzyň merdana goragçylarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, oňat dynç almaklary, ak ýürekden gulluk etmekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär, bu ugurlarda toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar. Döwlet Baştutanymyz beýleki meselelere hem seredilip, degişli çözgütler kabul edilen mejlisi jemläp, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň düzümleriniň ýolbaşçylaryna Watana gulluk etmek ýaly beýik işde täze uly üstünlikleri arzuw etdi. Asuda Watan, berkarar döwlet bagtyýarlygyň mizemez daýanjydyr.

“Nesil” gazeti,

01.02.2018ý.

Meňzeş habarlar