MAKSAT — ILATY ÝERLI ÖNÜMLER BILEN ÜPJÜN ETMEK

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len Ga­raşsyz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan yk­dy­sa­dy ba­bat­da dünýä­niň ösen döw­let­le­ri­niň ha­ta­ry­na ynam­ly go­şul­ýar. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baştutan­ly­gyn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän top­lum­la­ýyn çä­re­le­riň ne­ti­je­sin­de, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li pu­dak­la­ryn­da durnuk­ly ösüş üp­jün edi­lip, hal­ky­my­zyň ýaşaýyş-durmuş de­re­je­si yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dy­ryl­ýar.

Munuň şeýledigine ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde gazanylýan ösüşleriň mysalynda-da göz ýetirmek mümkin. Bu hakykat «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň alty aýynda ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda gazanylan oňyn netijelerde hem giňden beýanyny tapdy. Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde şu ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenende, hususy pudakda hem ýokary netijeleriň gazanylandygy bellenildi. Ýurdumyz boýunça önüm öndürilişiniň 66 göterime golaýynyň hususy işewürligiň paýyna düşendigini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda öndürilen senagat önümleriniň möçberiniň 18,9 göterim, oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişiniň bolsa, 28,7 göterim artandygyny buýsanç bilen aýtmak bolar.

Elbetde, bu ýokary netijeleriň döwlet Baştutanymyzyň türkmen telekeçileri üçin döredýän amatly şertleriniň, ýeňillikleriniň netijesinde gazanylandygy hemmä aýan hakykat. Uzak möhletleýin ýer bölekleriniň bölünip berilmegi, ýeňillikli karz serişdeleriniň yzygiderli goýberilmegi bilen, bu günki gün türkmen işewürleri açyk meýdanlarda hem-de döwrebap ýyladyşhanalarda oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirýärler, iri maldarçylyk we guşçulyk kärhanalaryny döredip, dünýäniň öňdebaryjy, kämil tehnologiýalary ornaşdyrylan kärhanalarda önümleri gaýtadan işleýärler. Netijede, türkmen telekeçileri daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek hem-de daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna, bazarlarymyzyň ýerli harytlar bilen üpjün edilmegine uly goşant goşýarlar. Türkmen telekeçileri ýurdumyzyň oba hojalygyny 2020 — 2025-nji ýyllarda ösdürmegiň maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine saldamly goşant goşmak maksady bilen, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirip, olaryň öndürilişini yzygiderli ýokarlandyrýarlar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan «Tebigy ekin» daýhan hojalygy Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň çäginde 300 gektardan gowrak meýdanda, «Çeşmeli dag» hususy kärhanasy Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde 50 gektar meýdanda ýeralmanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirdiler. «Miweli oba» hojalyk jemgyýetiniň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň, «Dana gurluşyk» hususy kärhanasynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ösdürip ýetişdiren miweli baglaryny göreniňde, türkmen işewürleriniň halkymyzy milli önümler bilen doly üpjün etmek ugrunda alyp barýan yhlasly işlerine guwanjyň artýar.

Hormatly Prezidentimiz türkmen telekeçilerine uly ynam bildirýär, olaryň alyp barýan işlerine ýokary baha berýär. Türkmen telekeçileriniň öňde goýýan maksady hem azyk we senagat harytlarynyň önümçiligini artdyrmakdan hem-de halkymyzy özümizde öndürilýän ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa önümler bilen elýeterli bahadan üpjün etmekden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň öňküden-de gowulandyrylmagyna gönükdirilen bu maksatlar türkmen işewürlerini ösüşli ýollara, ýeňişli menzillere atarýar.

Saparmyrat OWGANOW,

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

“Nesil” gazeti,

01.08.2020ý.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 11 okalan

ASYRLARA ÝÖRELGE – NESILLERE GÖRELDE

29 Noýabr 2024 | 8 okalan

NOU – HAU