Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli alnyp barylýan daşary syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem dünýä döwletleri bilen dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek, hyzmatdaşlyga täze mazmun bermek we işjeňleşdirmek bolup durýar. Türkmenistan özüniň parahatçylyga we oňyn bitaraplyga esaslanan daşary syýasy ugruny yzygiderli amala aşyrmak bilen, Ýakyn Gündogar sebitiniň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Dostlukly hyzmatdaşlygymyzyň barha ösýän ýurtlarynyň biri hem Kuweýt döwleti hasaplanýar.
Kuweýt döwletiniň Emiri Şeýh Sabah Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabahyň çagyrmagy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aziýanyň günorta-günbataryndaky arap ýurduna — Kuweýt döwletine sapary soňky ýyllarda däp bolup galan dostluk hem-de özara hormat goýmak gatnaşyklaryna esaslanýan döwletara syýasy gepleşikleriniň ýokary derejesini ýüze çykarýar. Merkezi edarasy Kuweýtde ýerleşýän Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen işjeň özara hereketler hem muny tassyklaýar.
Iki ýurduň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeltmäge itergi berýän uly mümkinçilikler bar. Nebitiň baý ätiýaçlyklaryna eýe bolan Kuweýt döwleti bütin dünýäniň ätiýaçlyk gorlarynyň, takmynan, ondan birini emele getirýär. Türkmenistan bolsa ägirt uly gaz serişdeleri bilen belli bolup, dünýäde olaryň möçberleri boýunça dördünji orny eýeleýär. Ýurtlaryň ikisinde hem senagaty diwersifikasiýalaşdyrmaga uly üns berilýär. Esasanam, nebitiň gaýtadan işlenilmegi, nebitgazhimiýa, gurluşyk serişdeleriniň, dökünleriň önümçiligi, elektroenergetika ýaly ugurlar öňdäki orunlary eýeleýär. Bilim berlişiniň ýokarlanmagy bilen elektron senagaty we beýleki ylmy pudaklar ösüşe eýe bolýar. Ýerli howa şertleri bilen baglylykda Kuweýtde maldarçylygyň ösmegine aýratyn üns berilýär. Ösen obasenagat toplumy bolan, eksport kuwwatyny tiz artdyrýan Türkmenistan barha gülläp ösýär. Gepleşikleriňbarşynda ikitaraplaýyn söwdany ösdürmek bilen bir wagtda telekeçilik ugry boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmak, geljegi uly bolan netijeli pudaklarda özara maýa goýuma esaslanýan bilelikdäki kärhanalary döretmek meselelerine hem üns çekildi. Şunuňbilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz biziňýurdumyzda daşary ýurt maýasyny goýmak üçin örän oňaýly şertleriň, şol sanda, ygtybarly halkara hukuk binýadynyň döredilendigini nygtap geçdi. Agzalan möhüm pudaklardan başga-da Türkmenistanda metallurgiýa, dokma senagaty, gaýtadan işleýän we syýahatçylyk pudaklary babatda hem taslamalar amala aşyrylýar. Türkmenistanda döredilýän, uly geljegi bolan täze pudaklar innowasion taslamalara maýa goýmak nukdaýnazaryndan Kuweýtiňmaliýe,senagat toparlaryny gyzyklandyryp biler. Geljegi uly bolan beýleki ugurlaryňhatarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyňdesgalarynyňgurluşygyny görkezmek bolar.
Diňe bir ykdysady bähbitleriň gabat gelýändigi däl, eýsem, Türkmenistan we Kuweýt öz sebitlerinde BMG-niň goldaw bermeginde jedelli meseleleri parahatçylykly ýollar bilen çözmek ugrunda çykyş edýärler, öz çäklerini dawalaşýan taraplara gepleşik geçirilýän meýdança hökmünde hödürläp, beýleki ýurtlaryň arasyndaky dürli düşünişmezlikleri düzgünleşdirmekde araçy bolýarlar, parahatçylyk dörediji döwletleriň ornuny tutýarlar. Bu ýagdaýlar taraplaryň ikisiniň hem halkara syýasatynda öňe sürýän beýik ynsanperwer ýörelgelerine eýerýändigi bilen düşündirilýär. Türkmenistan we Kuweýt halkara durmuşynyň esasy meselelerini çözmekde, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde özara hereket etmek bilen, birek-birege goldaw berýärler we halkara başlangyçlar bilen çykyş edýärler. Türkmenistan bilen Kuweýtiň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni we ylym-bilim çäklerindäki işjeň hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kuweýt döwletine bolan sapary iki döwletiň dowam edýän dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmeklige ygrarlydygyny, täze mümkinçilikleri netijeli peýdalanmaklyga ynamlydygyny görkezýän uly ädim boldy. Geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň netijesinde türkmen-kuweýt hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Hökümetara we pudagara resminamalarynyň uly toplumyna gol çekildi.
“Nesil” gazeti,
15.03.2018ý.












