Türkmenistanyň "Daýhanbank" döwlet täjirçilik bankynyň resmi web saýty

https://dayhanbank.gov.tm/

Bank barada: Türkmenistanyň Prezidentiniň oba hojalyk özgertmeleriniň çäginde, 1995-nji ýylyň 10-njy martynda ýörite karar bilen öňki Agrosenagat bankynyň edaralarynyň binýadynda Daýhanbanky döredildi. Daýhanbankynyň agentlikleri 1995-nji ýylda döredilip başlandy. 1998-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 3970 belgili “Türkmenistanyň bank ulgamyny pugtalandyrmak baradaky çäreler hakyndaky” Karary bilen 1999-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky döredildi we Daýhanbankda ýurduň Agrosenagat toplumyna hyzmat edýän döwet täjirçilik bankynyň derejesi berildi. Soňra “Daýhan birleşikleri hakynda” Türkmenistanyň kanunynyň kabul edilmegi bilen, 2008-nji ýyldan başlap kärendeçileriň hasaplarynyň daýhan birleşikleri tarapyndan täze usulda ýöredilip başlanylmagy ýola goýuldy. Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky Garaşsyzlyk ýyllary içinde “Türkmenistany ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösdürmegiň 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Baş ugry” milli maksatnamasy esasynda ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmegiň baş ýörelgesinden ugur alyp, daýhanlaryň we hususy ýer eýeleriniň döwlet tabşyrygyna degişli önümleri öndürmek boýunça olaryň önümçilik harajatlarynyň maliýeleşdirmekligi we maliýe hasaplaşyk hyzmatlaryny etmekligi bank gulluklarynyň üsti bilen alyp bardy.

info@caa.gov.tm

Habarlaşmak üçin telefon belgiler: +993 12 920290;

Redaksiýanyň salgysy: Bitarap Türkmenistan şaýoly 465 j.

Meňzeş habarlar