YLMA, KÄMILLIGE GIŇ ÝOL

Biziň başarjaň ýaşlarymyz bilesigeliji, höwesjeň, alçak we täzelige açykdyr. Hemişe başyny başlan işine yhlas bilen çemeleşmek, gözlegde bolmak, döredijilik bilen meşgullanmak, köp okamak, kämilleşmek olaryň ösmegine itergi berýän endiklerdir. Eger kemala gelýän her nesil bar bolan tejribelere daýanyp, munuň bilen kanagatlanman, täzelikleri girizmäge ymtylsa, ösüşiň täze belentlilerine ýetiljegidir.

Döwletimiz tarapyndan ösen tehnologiýalaryň ähli ulgamlara giňden ornaşdyrylmagy, sanly ulgamyň çalt depginde ösmegi, obalardyr-şäherleriň ýokary tizlikli Internet ulgamy bilen üpjün edilmegi ýaşlaryň öňünde täze mümkinçilikleri açdy. Dünýä tejribesini toplamak we täze zatlary öwrenmek, Internet ulgamynda iň ökde garşydaşlar bilen bäsleşip, öz başarnyklaryny görkezmek ýaşlarymyz üçin indi ýurdumyzyň iň çetki künjeklerinde hem elýeterli boldy.

Täzeden-täze kitaplar bilen üpjün edilen döwrebap kitaphanalarda kitap okamak bilen bir hatarda peýdaly onlaýn kurslara gatnaşmak, goşmaça elektron kitaphanalardan peýdalanmak okuwçylardyr talyplaryň tomusky dynç alyş döwürlerini gyzykly geçirmeklerine, okuw möwsümine taýýarlanmaklaryna ýardam edýär. Günüň  dowamynda azyndan 30 minut kitap okamak ýaşlar üçin örän peýdalydyr.

Okalýan gyzykly kitaplar mazmuny baý we peýdaly bolanda okyjynyň gözýetimi giňelýär, aňy has-da kämilleşýär, düşünjesi ýokarlanýar. Elektron kitaphanalaryň döredilmegi, dürli elektron enjamlara Internediň kömegi bilen kitaplaryň ýeňillik bilen ýüklenmegi bolsa baý türkmen we dünýä edebiýatyny okyjylara elýeterli etdi. Islendik ýerde, islendik wagt kitap okamaga şert döretdi.

Gözel SAPARMÄMMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Öňki makala

BRIFING GEÇIRILDI

Meňzeş habarlar

15 Awgust 2025 | 32 okalan

YLMA, KÄMILLIGE GIŇ ÝOL

15 Awgust 2025 | 26 okalan

BRIFING GEÇIRILDI

13 Awgust 2025 | 330 okalan

ARMYT BARADA