Türkmenistanyň gyzyl ýarymaý milli jemgyýetiniň resmi web saýty 

http://tgymj.gov.tm/tm/
    
Biz barada: Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti ýurdumyzyň baýry ynsanperwer jemgyýetçilik guramalarynyň biri bolmak bilen, täze taryhy eýýamda ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmelere işjeň gatnaşýar. Ol raýatlaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek, ilatyň saglygyny goramak, maşgala institutynyň derejesini berkitmek, ýaş nesli türkmen halkynyň rehimlilik, duýgudaşlyk we ýakynyňa kömek goluny uzatmak ýaly iň gowy däpleriniň ruhunda terbiýelemek ýaly ugurlarda uly işler geçirýär.

Milli jemgyýet öz asylly ynsanperwer wezipesini ýerine ýetirmek bilen Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara hereketinde  biziň ýurdumyza mynasyp wekilçilik edýär.

1926-njy ýylda döredilen Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti ata-babalarymyzyň wesýet eden ynsanperwerlik, hoşniýetlilik we adalatlylyk ýaly maksatlaryna tarap ugruny üýtgewsiz saklamagy başardy hem-de olaryň manysyna şu günüň ýagdaýlaryna görä täzeden düşünip, şol maksatlary täze Bagtyýarlyk zamanamyzda durmuşa geçirmegini dowam edýär. Biziň guramamyzyň döredilen ilkinji günlerinden häzire çenli geçen ýoly Türkmenistanyň taryhy bilen baglydyr.

Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti öz işini ýurdumyzyň tutuş çäginde öz welaýat, şäher we etrap şahamçalarynyň üsti bilen amala aşyrýar. Jemgyýetiň 177 müňden gowrak agzasy we 3 müňden gowrak taýýarlykly meýletinçileri bolup, olar jemgyýetiň işine giňden gatnaşýarlar.

info@tgymj.gov.tm

Habarlaşmak üçin telefon belgiler: +993 12 93-18-06;
Faks: +993 12 93-03-49;
Redaksiýanyň salgysy: 744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., köçe 2022 jaý 116/1
 

Meňzeş habarlar