“Türkmenpoçta” Poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň resmi web saýty 

https://turkmenpost.gov.tm/

Biz barada: "Türkmenpoçta" poçta aragatnaşyk kompaniýasy özüniň esasy ösüşini dörän gününden, ýagny 1993-nji ýylyň aprel aýyndan alyp gaýdýar. Häzirki zamanda kompaniýanyň işini döwrebap talaplara görä guramak meselesini öňde goýýar. Türkmenistan döwletiniň 1993-nji ýylyň ýanwar aýynyň 26-synda “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň "Türkmenpoçta" poçta aragatnaşyk kompaniýasy bütindünýä poçta birleşiginiň agzalygyna kabul edilip, döwletiň poçta ugrundan operatory bolup çykyş edýär. Bu bolsa örän gysga wagtyň içinde dünýäniň 190-dan gowrak ýurduna hat-habarlary, poçta ýollamalaryny ugratmaga we kabul etmäge mümkinçilik berdi. Dünýäniň ähli poçta edaralary bilen hyzmatdaşlyk etmek maksady bilen, Türkmenistanyň we bütin dünýäniň poçta markalaryndan özboluşly toplum döredildi. Garaşsyzlyk ýyllary içinde "Türkmenpoçta" poçta aragatnaşyk kompaniýasy poçta markalarynyň ýüzlerçesini çykardy. Olarda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň şöhratly taryhy, taryhy ýadygärlikleri, medeniýeti we sungaty, türkmen türgenleriniň sportda gazanýan üstünlikleri, haýwanat we ösümlik dünýäsi dürli öwüşgünlerde öz beýanyny tapýar. Şeýle hem Garaşsyz Türkmenistanyň täze taryhyndaky üstünlikler şöhlelenýär. Poçta hyzmatynyň hiliniň dünýä ülňelerine laýyk gelmegi üçin 1996-njy ýyldan "Türkmenpoçta" poçta aragatnaşyk kompaniýasy göndermeleri eltmegi çaltlandyrmak maksady bilen, EMS Express Mail Service geçirijilerine birleşdirilip, 3-4 günüň dowamynda göndermeler ýer togalagynyň islendik nokadyna ýetirilýär. Mälim bolşy ýaly, hyzmatyň şu görnüşi müşderileriň arasynda meşhurlyga eýe boldy. Bu bolsa dünýäniň dürli ýurtlaryndan Türkmenistana gelýän hat-habarlaryň, göndermeleriň sanynyň barha artmagyna täsirini ýetirdi. “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasy häzirki wagtda şu aşakdaky hyzmatlary giň gerimde müşderilere hödürleýär.

turkmenpost@online.tm

Habarlaşmak üçin telefon belgiler: +993 12 93-15-83
Faks: +993 12 93-10-31;
Redaksiýanyň salgysy: 744000, Aşgabat ş., Mäti Kösäýew köç., j 16

Meňzeş habarlar