SPORTLY TÜRKMENISTAN

9-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz säher bilen adaty endigine eýerip, egindeşleri bilen paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde sport maşklaryny ýerine ýetirdi. Ýolugra milli Liderimiz Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň täze gurulýan binalar toplumynyň gurluşygynyň dowam edýän ýerinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Ýurdumyzyň sport we ýaşlar syýasaty ministri D.Gulgeldiýew döwlet Baştutanymyzy paýtagtymyzda gurluşygyna başlanan desgalaryň taslamalary, olaryň çyzgylary bilen tanyşdyrdy. Bu ýerde Baş meýilnama laýyklykda, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň Sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň, 450 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýynyň, köpugurly sport toplumynyň binalary, dynç alyş zolaklarynyň, awtoduralga, welosiped we ylgaw zolaklarynyň, tehniki desgalaryň we suw howdanynyň desgalary ýerleşdiriler. Şeýle hem bu ýerde Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň binasy gurlar.

Milli Liderimiz institutyň täze fakultetiniň binasy, onuň umumy ýaşaýyş jaýy bilen baglanyşykly taslamalaryň taýýarlanylyşyna ünsi çekip, binanyň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagynyň, aýratyn-da, umumy ýaşaýyş jaýynyň ýanynda dynç alyş zolagynyň döredilmeginiň döwrüň möhüm talabydygyny belledi.

Täze desgalar şäheriň özboluşly binalarynyň tutuş toplumlary bilen sazlaşykly utgaşmalydyr. Binalaryň daşky keşbi we bezelişi barada aýdylanda bolsa, gurluşykda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zaman tejribeleriniň utgaşmagy möhümdir diýip, milli Liderimiz bu işlere Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlaryny we bilim alýan talyplary çekmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi hem-de bu işlere örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn çemeleşilmelidigini tabşyrdy. Çünki ähli binalaryň gurluşygynda bolşy ýaly, sport ähmiýetli desgalaryň enjamlaşdyrylyşyna, bezeg aýratynlyklaryna möhüm ähmiýet berilmelidir.

Türgenleriň iýmitlenmek meselelerine aýratyn üns bermeli. Munuň özi, ilkinji nobatda, türgenleriň bedeniniň türgenleşiklerde we ýaryşlarda düşýän agrama uýgunlaşmagynyň çäklerini giňeltmäge, güýji dikeltmäge ukyplydyr. Türgenleriň taýýarlyk derejesi we ýokary netijeleri gazanmagy olaryň iýmitlenmeginiň guralyşyna bagly bolar.

Türgenleriň has irki döwürden taýýarlanmalydygyna ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz instituta sportda netije gazanan oglanlaryň we gyzlaryň çekilmelidigini, ýokary okuw mekdebinde sapaklaryň olaryň ussatlygyny, maksada okgunlylygyny artdyrmaga, sport tilsimlerini kämilleşdirmäge, güýçlerini, ýyndamlygyny, çydamlylygyny artdyrmaga, ahlak sypatlaryny terbiýelemäge, netijeli türgenleşmek we ýaryşlara üstünlikli gatnaşmak üçin bilimlere eýe bolmaga gönükdirilmelidir diýip belledi.

Bu ugurda alnyp barylýan işler ylmy taýdan esaslandyrylmalydyr we iş ýüzünde amala aşyrylmalydyr. Şeýlelikde, türgenleriň beden aýratynlygyna, onuň fiziki we fiziologik gurluşyna, türgenleriň aňyna aýratyn üns berilmelidir. Munuň özi türgenlerde öz mümkinçiliklerine hem-de ýeňiş gazanmaga bolan ynamyny artdyrýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, halkara derejede geçirilýän sport ýaryşlaryna gatnaşmak üçin seçilip alynýan ýaşlarda halkyna, Watanyna bolan buýsanjyň ýokary bolmagy ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi. Şunlukda, türgenleriň amaly we nazaryýet taýýarlygy anyk tejribeler bilen utgaşmalydyr.

Jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi, ýurdumyzda ruhubelent we hemmetaraplaýyn düşünjeli, sagdyn ýaşlaryň kemala getirilmegi ugrunda maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Köpçülikleýin bedenterbiýe bilen meşgullanmak, dürli sport maşklaryny yzygiderli ýerine ýetirmek ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň ilatynyň, aýratyn-da, ýaş nesliň adaty endigine öwrülmelidir. Şunlukda, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hereket edýän köpugurly sport toplumlarynyň mümkinçilikleri netijeli peýdalanylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Soňra milli Liderimiz Olimpiýa şäherçesiniň sport toplumynda egindeşleri bilen sportuň birnäçe görnüşleri bilen meşgullandy we dürli sport maşklaryny ýerine ýetirdi, şeýle hem toplumyň bouling zalynda bolup, özüneçekiji sport oýny bilen meşgullandy.

Hormatly Prezidentimiz bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyň ýurdumyzyň her bir raýaty üçin durmuş kadasyna öwrülmegi üçin maksadalaýyk çäreleri görmegiň wajypdygyny belledi. Bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmak adamyň diňe bir beden taýdan sagdynlygyna däl, eýsem, onuň özüni duýşuna we ruhubelent bolmagyna, şeýle hem intellektual we döredijilik işine oňyn täsir edýär.

Döwlet Baştutanymyz sport ýaryşlaryny medeni-köpçülikleýin çäreler bilen utgaşdyrmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Munuň özi türgenlerimizi täze, has uly üstünliklere ruhlandyrar, Watanymyzyň sport abraýynyň belende galmagyna ýardam eder.

“Nesil” gazeti,

11.12.2018ý.

Meňzeş habarlar