16-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz hem-de Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň birnäçe desgalaryndaky, şeýle hem welaýatyň täze döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.
Irden döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde gurulýan köpugurly işewür merkezli kaşaň “Garagum” myhmanhanasyna geldi. Bu ýerde wise-premýer Ş.Durdylyýew hormatly Prezidentimize bu desgada geçirilýän degişli işler, şol sanda ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Laçyn” seýilgähiniň gurluşygynyň tapgyrlary we ýerleşişiniň aýratynlyklary, onuň çäginde guruljak beýleki desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Bu seýilgähi Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna gabatlap açmak meýilleşdirilýär. Milli Liderimiz myhmanhana-işewürlik toplumynyň golaýynda ýerleşen täze seýilgähiň abadanlaşdyrylyşyna ünsi çekip, bu ulgamdaky öňdebaryjy tehnologiýalaryň, tebigy bezeg babatdaky iň gowy tejribäniň giňden ulanylmalydygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berip we iş saparyny dowam edip, Ahal welaýatyna bardy we şol ýerde Gökdepe etrabynyň çäginde gurulýan welaýatyň täze edara ediş merkeziniň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.
Häzirki döwürde Ahal welaýatynyň täze döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň depginleri barha artýar. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan giň möçberli şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini alamatlandyrýar. Bu ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmegine 2019-njy ýylyň aprelinde döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda badalga berildi. Täze döwrebap şäheriň gurulmagy hormatly Prezidentimiziň durmuş-ykdysady syýasatyny üstünlikli amala aşyrmagyň ýolunda nobatdaky möhüm ädimi alamatlandyrýar. Ahal welaýatynyň täze döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine gelende, milli Liderimizi Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary we Ahal welaýatynyň häkimi garşyladylar.
Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna bu ýerde durmuş ulgamyna degişli desgalaryň birnäçesiniň taslamasy görkezildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen taslamalar bilen içgin tanşyp, gurluşyk işleriniň ýokary hilini üpjün etmegiň hem-de olary bellenen möhletde tamamlamagyň desgalaryň potratçylaryna we buýrujylaryna bildirilýän üýtgewsiz talapdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, bu ugurda geçirilýän işleri hemişe berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz bu ýerde iş maslahatyny geçirip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Ahal welaýatynyň häkiminiň we beýlekileriň hasabatlaryny diňledi.
Hormatly Prezidentimiz iş saparyny tamamlap, hemmelere öňde goýlan jogapkärli wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.