15-nji aprelda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda iri desgalaryň ikisiniň – Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň we Kabul ediş merkeziniň açylyş dabarasy boldy hem-de “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy” atly halkara maslahatyň dabaraly mejlisi geçirildi.
Şanly waka mynasybetli bu ýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, milli parlamentiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şäher häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary ýygnandylar. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de BMG-niň we onuň düzümleriniň wekilhanalarynyň, beýleki abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.
Hemmeler döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik bilen garşyladylar.
Maslahatlar merkeziniň öňündäki meýdançada dünýäniň halklarynyň dostlugyny hem-de milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän döredijilikli we parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny alamatlandyrýan aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.
Sabyrsyzlyk bilen garaşylýan pursat gelip ýetýdi: ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toý bagyny kesdi. Şeýlelikde, Maslahatlar merkezi dabaraly ýagdaýda açyldy.
Döwlet Baştutanymyz binanyň içine girip täze desga bilen tanyşdy.
Maslahatlar merkeziniň umumy meýdany 47 müň 464 inedördül metre barabardyr. Bu äpet binanyň beýikligi 38,65 metre, uzynlygy 190 metre barabardyr. Onuň gurluşygy üçin 9,37 gektar ýer bölegi bölünip berildi. Ýaşyl zolagyň meýdany 46 müň 23 inedördül metre deňdir.
Maslahatlar merkezinde ähli şertler döredildi, şol sanda sebit hem-de dünýä derejesindäki forumlary, duşuşyklarydyr gepleşikleri, şeýle hem metbugat maslahatlaryny we beýleki çäreleri geçirmek üçin bu merkez öňdebaryjy kompýuter we beýleki tehniki enjamlar, sanly tehnologiýalary bilen doly üpjün edildi.
Bu ýerde 500 orunlyk sammitler zaly ýerleşýär. Zalda şeýle hem 80 orunlyk stoluň başynda gepleşikleri geçirmek üçin mümkinçilik döredildi. Mundan başga-da bu ýerde 403 orunlyk multimediýa zaly, metbugat, resminamalara gol çekmek, dynç almak üçin zallar bar.
Açylyş dabarasy tamamlanandan soňra, täze Maslahatlar merkezinde döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy” atly halkara maslahatyň dabaraly mejlisi geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip hem-de hemmeleri täze Maslahatlar merkeziniň binasynda gutlap, bu ajaýyp binanyň halkara durmuşyň möhüm meselelerini dürli görnüşdäki duşuşyklarda ara alyp maslahatlaşmak, şol meseleler boýunça hoşniýetli erk-isleg, jogapkärçilik hem-de döredijilikli hyzmatdaşlyk esasynda bilelikdäki oňyn çemeleşmeleri işläp taýýarlamak üçin myhmansöýer künjek hem-de amatly meýdança boljakdygyny belledi.
Milli Liderimiz şu maslahatyň çäklerinde oňa gatnaşyjylaryň meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşjakdygyny belläp, bu duşuşygyň ösüşiň we döredijiligiň maksatlaryna ýetmäge umumy tagallalar bilen ýardam bermek üçin birleşen pikirdeşleriň özara ynama esaslanýan söhbetdeşligine öwrüljekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistan myhmanlary hemişe ak ýürek bilen garşylaýar hem-de biz şeýle görnüşdäki meseleleriň giň toplumyny öz içine alýan söhbetdeşligiň ýurdumyzda yzygiderli esasda geçirilmegini isleýäris diýip, döwlet Baştutanymyz munuň üçin iň amatly syýasy we guramaçylyk şertlerini döredip, ähli zerur goldawy bermäge taýýardygyny tassyklady hem-de maslahata gatnaşyjylara gyzykly we netijeli işlemegi arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşy uly üns we gyzyklanma bilen diňlenildi hem-de ruhubelentlik bilen kabul edildi.
Soňra maslahatda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Baş sekretary hanym Helga Şmidiň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewiň, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary hanym Olga Algaýerowanyň, BMG-niň Aziýa – Ýuwaş umman sebit üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň (ÝUNESKAP) Ýerine ýetiriji sekretary Armida Salsia Alisjahbananyň wideoýüzlenmeleri diňlenildi.
Soňra maslahatyň dabaraly mejlisini dowam etdi. Maslahatda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wagtlaýyn utgaşdyryjysy, BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Kristina Weýgand, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mettýu Stiwen Klimow, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozda, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Diýego Ruiz Alonso çykyş etdiler.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Hökümetiniň hem-de halkynyň adyna aýdylan hoşniýetli sözler, maslahatyň işine işjeň gatnaşandyklary, onuň barşynda edilen çuň manyly çykyşlar üçin hemmelere minnetdarlyk bildirip, şu gün köp sanly teklipleriň, peýdaly pikirleriň we bahalaryň beýan edilendigini belledi. Şol teklipler ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasyny mundan beýläk-de meýilleşdirmekde we durmuşa geçirmekde göz öňünde tutular, zerur bolan halatynda bolsa, iş ýüzünde ulanylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilelikde iň wajyp wezipeleri çözmäge ukyplydygymyza ynam bildirdi. Hatda halkara gatnaşyklardaky ýeňil bolmadyk ýagdaýyň, ählumumy ykdysadyýetde çylşyrymly ýagdaýlaryň şertlerinde hem dünýäde olary özara ynanyşmak, jogapkärçilik, birek-birege hormat goýmak arkaly ýeňip geçip boljakdygy baradaky ynam artýar. Şu duşuşyk hem bu düşünjeleriň berkarar bolmagyna ýardam etmelidir.
Milli Liderimiz aýdylanlary jemläp, hemmelere Türkmenistanyň we onuň halkynyň adyna aýdan mähirli sözleri, ýurdumyzyň halkara başlangyçlaryny goldaýandyklary üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi. Bularyň ählisi ählumumy gün tertibiniň iň wajyp meseleleri boýunça gepleşikleri ýola goýmak, umumy maksatlara ýetmegiň bähbidine hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek babatda seçilip alnan ýoluň dogrudygyna bizde goşmaça ynam döredýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we “Goý, bütin dünýäde parahatçylyk bolsun!” diýip sözüni jemledi.
Halkara maslahatyň dabaraly mejlisi ýapyk diýlip yglan edilýär. Mejlis tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz belent mertebeli myhmanlar üçin niýetlenen kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy we Maslahatlar merkezinden ugrady.
Soňra halkara resminamalaryna gol çekmek dabarasy boldy.
Gol çekilen resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň arasynda 2021 – 2023-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk baradaky Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Halkara Energetika Agentliginiň arasynda energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama; Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary komissarynyň edarasynyň arasynda dil we medeniýet köpdürlüligi boýunça hyzmatdaşlyk hakyndaky Ähtnama; iýmit çygrynda mümkinçilikleri we hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça sebitleýin platformany ýerleşdirmek we işletmek arkaly Merkezi Aziýa we Kawkaz sebitlerinde eneleriň we çagalaryň iýmitlenmegini gowulandyrmaga ýardam etmek barada Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama bar.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Maslahatlar merkeziniň golaýynda ýerleşen Türkmenistanyň Kabul ediş merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi.
Dabara gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda döwlet Baştutanymyz däp bolan toý bagyny kesdi we binanyň içine girdi, şol ýerde şu dabara gatnaşyjylary çagalar döredijilik topary hem-de aýdym-saz topary dünýäniň ençeme dillerinde ruhubelentlik bilen mübäreklediler.
Täze Kabul ediş merkezinde foruma gatnaşyjylar üçin resmi kabul edişlik guraldy. Onuň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söz sözledi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan häzirki döwürde ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly gadam urýar. Ýurdumyzda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda uly ösüşler gazanylýar. Şunuň bilen baglylykda, ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen dostlukly gatnaşyklary hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalar bilen ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesini iki gezek ykrar etmegi, Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň halkara derejede giň goldawa mynasyp bolmagy ýurdumyzyň dünýä ýüzündäki abraýynyň ýokary galýandygyny aňladýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Resmi kabul edişligiň barşynda sungat ussatlary hem çykyş etdiler.
Soňra hormatly Prezidentimiz hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
Günüň ikinji ýarymynda halkara maslahat umumy mejlisler görnüşinde “Parahatçylyk we howpsuzlyk ugrunda hyzmatdaşlyk”, “Söwda-ykdysady hyzmatdaşlykda ekologiýanyň ähmiýeti”, “Ynsanperwer ugry boýunça halkara hyzmatdaşlyk” mowzuklary boýunça dowam etdirildi.