Ahalteke bedewleriniň we türkmen alabaýlarynyň sungat eserleriniň sergisi açyldy

15-nji aprelda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda “Şekillendiriş we amaly-haşam sungatynda ahalteke bedewleriniň we türkmen alabaýlarynyň keşbi” atly serginiň açylyş dabarasy boldy. Bu sergi adyndan belli boluşy ýaly milli buýsanjymyz ahalteke bedewlerimize hem-de türkmen alabaýlaryna bagyşlanyp geçirilýär. Halypa we şägirtlik ýoluny mynasyp dowam etdirýän suratkeşlerimiziň döreden ahalteke bedewleriniň hem-de türkmen alabaýlarynyň keşplerinde milli äheňler özboluşly sazlaşýar.

Türkmen şekillendiriş sungatynda ahalteke bedewiniň hem-de türkmen alabaýlarynyň  waspy bilen baglanyşykly taryhy, epiki, batal žanrlaryň üsti bilen döwrümizi beýan etmek möhüm meseleleriň biri bolup, halypa hem-de ýaş suratkeşlerimiziň täze pikirleniş derejesiniň özboluşlylygyny öňe sürdi we täze äheňe eýe boldy. Sergide görkezilen eserlerde diňe ahalteke atlaryna ýa-da türkmen alabaýlaryna mahsus bolan, belent boýunly, syrdam beden gurluşly, täsin hereketli, owadan reňk öwüşginli hem-de paýhasly keşpleri suratkeşleriň dürli şekillendiriş tilsimleri arkaly suratlandyrylan. Bu  sergä nakgaşçylykda, grafikada, heýkeltaraşlykda, amaly-haşam sungaty boýunça çeperçilik akademiýasynyň halypa mugallymlary hem-de halypalaryň ýoluny uly erjellik bilen alyp barýan suratkeşleriň ýaş nesli, zehinli uçurymlary we talyp ýaşlary ýagny Toýlyýew Ýunusyň “Parahatçylyk”, Owganow Owganyň “Bedew”, Nurýagdyýew Mekanyň “Ak şäherim - Aşgabat”, Orazberdiýew Şazadanyň “Türkmen alabaýy”, Mämiýew Poladyň “Türkmen Alabaýy” atly döredijilik işleri bilen gatnaşyp, türkmeniň uçar ganaty bolan ahalteke bedewine we türkmen alabaýlaryna bolan söýgüsini çeper eserlerinde ýokary özboluşly duýgulara beslenendigini görmek bolýar.

Döwrangeldi MOÝTYÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Sungaty öwreniş” kafedrasynyň öwreniji mugallymy,
Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.