Şu gün «Türkmenatlary» döwlet birleşiginiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi «Türkmenatlary» döwlet birleşigi bilen bilelikde gurnamagynda ýurdumyzyň dürli edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlaryň hem-de ýetginjek çapyksuwarlaryň we halypa seýisleriň gatnaşmaklarynda «Ýyndamlykda belli türkmen bedewi» atly baýramçylyk duşuşygy geçirildi.
Baýramçylyk duşuşygynda çykyş edenler ýaşlaryň arasynda atçylyk sportuny ösdürmek, çapyksuwarlaryň hünär we taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak, behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak maksady bilen, Arkadag Prezidentimiziň başlangyjy boýunça giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigini uly buýsanç bilen belläp geçdiler, şeýle hem halkymyzyň bedewlere bolan söýgüsini tutuş kalby bilen kabul edýän türkmen halkynyň milli buýsanjyna, gözelligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň dünýädäki at-abraýyny belende götermek barada ägirt uly işler amala aşyrýan, halkymyzyň çapyksuwarlyk, seýisçilik sungatyny belende galdyrmak hem-de ahalteke atlarynyň nesil arassalygyny gowulandyrmak, syna owadanlygyny kämilleşdirmek we baş sanyny artdyrmak, bu babatda halkara hyzmatdaşlygyny giňden ýola goýmak, ösüp gelýän ýaş nesillerimizde atçylyk sungatyna bolan höwesi döretmek, pederlerimiziň asylly atşynaslyk däplerini ösdürmek hem-de dünýäde wagyz etmek ýörelgelerini döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwürýän Mähriban Arkadagymyzyň adyna alkyş sözleri belentden ýaňlandy şeýle-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary bilen hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly adyň dakylmagy bilen tüýs ýürekden mähirli gutladylar.
Baýramçylyk duşuşygyň ahyrynda ýetginjek çapyksuwarlara Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan baýramçylyk sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.