22-nji aprelda Mary welaýat merkezinde ýakynlaşyp gelýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan çäreler geçirildi.
Dabaralar däp bolan at çapyşyklary bilen başlandy. Çapyşyklar Marynyň atçylyk sport toplumynda geçirildi. Bu toplum, tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, welaýatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda guraldy.
Welaýatyň sungat ussatlary – meşhur estrada artistleri, bagşylar, tans we halk döredijilik toparlary aýdym-sazly, tansly çykyşlary görkezdiler.
Atçylyk sport toplumynyň çäklerine girilýän merkezi girelgeden başlap, onuň iki tarapynda şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi guraldy. Marynyň görnükli suratkeşlerinden başlap, döredijilik ýoluna girişýän ýaşlar behişdi bedewlere bagyşlanan surat eserlerini görkezdiler. Şeýle hem bu ýerde heýkeltaraşlaryň, halyçy gelin-gyzlaryň, zergärleriň, at esbaplaryny taýýarlaýan ussalaryň we beýlekileriň işleri bilen tanyşmak bolýar.
Mundan başga-da, sergide milli saz gurallary, deri önümleri, dutar ýasamak sungatynyň tilsimleri görkezildi, dessançy bagşylaryň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Ýene bir bölümde zähmet gurallarynyň, el işleriniň sergisi görkezildi.
Toplumyň çäklerinde görkezilen milli oýunlar, ýaýbaňlandyrylan milli göreş Türkmen bedewiniň milli baýramynyň halkymyzyň gadymdan gelýän ýörelgelerine mahsus häsiýetde giňden dabaralanýandygyny görkezdi. Ýeňiji bolan pälwanlar toý baýraklary bilen sylaglandylar.
Mary welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň göçme sergisiniň gymmatlyklary bedewiň halkymyzyň tutuş taryhynyň dowamynda syrdaşy bolandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Şol gymmatlyklaryň hatarynda 4 müň ýyl mundan ozal gadymy Marguş ýurdunyň ýaşaýjylarynyň taýýarlan ýönekeý heýkeljiklerinden başlap, orta asyr döwürlerindäki ussalaryň ýasan owadan we ajaýyp keramiki at heýkeljikleri bar.
Sergide görkezilen kitaplaryň birinde Murgabyň dilkawynda gadymy siwilizasiýany açan meşhur arheolog W.I.Sarianidi Goňurdepe şäherinden tapylan atyň jaýlanan ýerini görkezýär. Bu edermen türkmen ýigitleriniň ýüzýyllyklaryň dowamynda wepaly ýoldaşy we taýsyz dosty bolan bedewe aýratyn hormat-sarpa goýlandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Şu gün geçirilen at çapyşyklarynda behişdi bedewler gaýtalanmajak gözelligini, güýç-kuwwatyny we ýyndamlygyny görkezdiler. Marynyň atçylyk sport toplumynda at çapyşyklaryna atşynaslar hem, halkymyz üçin däbe öwrülen bu ajaýyp sport görnüşiniň köp sanly janköýerleri hem ýygnandylar. Stadionyň tomaşaçylar orny janköýerlerden doldy.
Ýaryşyň meýilnamasyna welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň bedewleriniň gatnaşmagynda ýetginjek çapyksuwarlaryň, uly ýaşly çapyksuwarlaryň hem-de halypa çapyksuwarlaryň arasynda 8 çapyşyk girizildi.
1000 metr aralyga birinji çapyşykda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň wekilleri bolan ýetginjek çapyksuwarlar ýaryşa goşuldylar. Ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda Daşoguz atçylyk sport toplumynyň Mähek diýen bedewini çapan B.Mämmedow ýeňiji boldy.
Soňra welaýatlaryň her birinden we Aşgabat şäherinden ussat çapyksuwarlar gezekli-gezegine 1200 metr aralyga bellenen 6 çapyşyga gatnaşdylar.
Ahal welaýatynyň bedewleriniň arasynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna degişli Beglerim (çapyksuwary B.Begliýew) diýen at, Balkan welaýatynyň bedewleriniň arasynda Gaýra diýen at (“Türkmengaz” döwlet konserni, çapyksuwary I.Tirkeşbaýew), Daşoguz welaýatynyň bedewleriniň arasynda Gardaşym diýen at (Daşoguz welaýat Polisiýa müdirligi, çapyksuwary B.Berdimuhammedow), Lebap welaýatynyň bedewleriniň arasynda Keýmir diýen bedew (Lebap welaýatynyň Polisiýa müdirligi, çapyksuwary M.Tejenow), Mary welaýatynyň bedewleriniň arasynda Dorbürgüt diýen at (“Marygazüpjünçilik” kärhanasy, çapyksuwary B.Agamyradow), Aşgabat şäheriniň bedewleriniň arasynda Leýlisaç diýen bedew (Türkmenistanyň Baş prokuraturasy, çapyksuwary B.Babalyýew) pellehana ilkinji bolup geldiler.
Jemleýji, 8-nji çapyşyga ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan halypa çapyksuwarlar gatnaşdylar. Olar bu ýaryşa haýsy at bilen gatnaşjakdyklaryny kesgitlemek üçin bije atyşdylar. Halypa çapyksuwarlar nesibesinden çykan bedewe atlanyp, ýaryşa goşuldylar. Şunda Mary döwlet athanasynyň Kadaly diýen aty bellenen 1000 metr aralygy 1 minut 11,1 sekuntda geçmegi başaryp, pellehana ilkinji bolup geldi.
Baýramçylyk ýaryşlarynyň ýeňijilerine dabaraly ýagdaýda gymmat bahaly baýraklar we sowgatlar gowşuryldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragyna – ýeňil awtoulaga halypa çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen jemleýji çapyşygyň ýeňijisi S.Kuljanow mynasyp boldy.
Soňra dabaralar Mary welaýat kitaphanasynyň maslahatlar zalynda dowam etdi. Bu ýerde “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly XIII maslahat geçirildi.
Maslahatda behişdi bedewleriň hakyky janköýeri we olara sarpa goýýan, ajaýyp çapyksuwar hem-de atçylyk sportuny wagyz edýän milli Liderimiziň giň gerimli tagallalary netijesinde, täze taryhy eýýamda ahalteke bedewi şu günki Türkmenistanyň esasy nyşanyna, döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygynyň aýdyň alamatyna öwrülýändigi bellenildi.
Maslahata gatnaşyjylar “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda geçirilýän dabaralaryň Diýarymyzyň atşynaslygynyň gazanan üstünlikleri bilen dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmaga, özara tejribe alyşmaga hem-de daşary ýurtly kärdeşleri – assosiasiýalaryň we pudaklaýyn guramalaryň wekilleri, şeýle hem hususy atşynaslar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.