Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: Ýer-suw serişdelerini aýawly ulanmak azyk bolçulygynyň esasydyr

4-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, “Miwe” açyk paýdarlar jemgyýetiniň önümçilik işi hem-de onuň inžener-tehniki düzümleriniň desgalary bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz obasenagat toplumynda suwdan rejeli peýdalanmak we tutuş suw hojalyk ulgamyna degişli meselelere aýratyn üns berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň dikuçary Kaka etrabynda ýerleşýän “Miwe” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ekin meýdanlaryny suw bilen üpjün edýän suw göteriji bekediň golaýyndaky ýörite meýdança gonýar.

Hormatly Prezidentimiz suw göteriji bekediň suw eltiji akabasynyň hem-de suw durlaýjy desgasynyň işini synlap, bu desganyň tehniki üpjünçiligi bilen gyzyklandy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew milli Liderimizi “Miwe” açyk paýdarlar jemgyýetiniň suw göteriji beketleriniň häsiýetli aýratynlyklary bilen tanyşdyrdy. Bu suw göteriji beket dünýäniň iň öňdebaryjy tejribesi esasynda guruldy. Bu ýere ekinleri suwarmak üçin zerur bolan suw Garagum derýasynyň 630-njy kilometrliginden tehnologiýalaryň soňky gazananlary bolan, her biri 400 kilowatlyk 6 sany sorujy arkaly 1-nji suw bekedine gelýär.

Ondan soňra suw bu ýerden 12 kilometre golaý uzaklykda 61 metr beýiklikdäki 2-nji suw göteriji bekedine, ondan hem 10 kilometr uzaklykdaky 62 metr beýiklikde bolan 3-nji suw göteriji bekedine, soňra bolsa 5,5 kilometrden gowrak uzaklykda ýerleşýän 60 metr beýiklikdäki, göwrümi 70 müň kub metr bolan merkezi suw howdanyna guýulýar.

Soňra milli Liderimiz “Miwe” açyk paýdarlar jemgyýetiniň 1-nji suw göteriji bekediniň işi bilen gyzyklandy. Wise-premýer E.Orazgeldiýew onuň önümçilik kuwwaty, wezipeleri hem-de tehniki häsiýetleri bilen tanyşdyrdy.

Hormatly Prezidentimiziň garamagyna “Miwe” açyk paýdarlar jemgyýetiniň işi bilen tanyşmaga mümkinçilik berýän wideogörnüşler hem hödürlenildi. Paýdarlar jemgyýeti miwe we beýleki gök önümleri öndürmek bilen meşgullanýar. “Gök bulut”, “Hemsaýa”, “Miweli atyz”, “Datly miwe” hojalyk jemgyýetleri onuň paýdarlary bolup durýar. “Miwe” açyk paýdarlar jemgyýetinde 345 iş orny döredildi.

Wideoşekillerde “Miwe” açyk paýdarlar jemgyýetiniň suw hojalyk desgalary hem-de suwaryş ulgamy barada giňişleýin maglumatlar berilýär. Damjalaýyn suwaryş ulgamy arkaly miweli agaçlary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işi hem amala aşyrylýar.

Soňra milli Liderimiziň garamagyna “Miwe” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ekin meýdanlarynyň ýerleşişiniň Baş meýilnamasy hem-de suw hojalyk ulgamyna degişli taslamalar hödürlenildi.

Wise-premýer E.Orazgeldiýew suw göteriji bekediň 1-nji, 2-nji we 3-nji desgalary boýunça umumy maglumatlary beýan etdi. Suw bu ýerden howdana akdyrylýar we soňra damjalaýyn suwaryş ulgamy boýunça ekin meýdanlaryna barýar. Munuň özi suwuň tygşytly harçlanmagyna ýardam edýär, akabalaryň arassalygyny saklamaga mümkinçilik berýär. Ekin meýdanlaryny suwarmak işi awtomatlaşdyrylandyr we oňa sanly ulgam arkaly gözegçilik edilýär.

Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy G.Baýjanow suw howdanlarynyň göwrümini giňeltmek, suw tygşytlaýjy öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň esasynda suwdan netijeli peýdalanylmagyny üpjün etmek boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri A.Altyýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, şol sanda agrotehniki kadalara laýyklykda, gowaça we bugdaý ekinlerine ideg etmegiň barşy, galla oragyna guramaçylykly taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän çäreler hem-de döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly ekinleri suwarmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew TSTB-niň suw hojalyk desgalaryny gurmak, hususan-da, suwuň 35 – 50 göterim tygşytlanmagyny üpjün etmäge mümkinçilik berýän tehnologiýalaryň esasynda hereket edýän suw göteriji beketleriň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şol suw degişli desgalaryň kömegi bilen Garagum derýasyndan 180 metr belentlige çykarylýar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän sebitindäki işleriň ýagdaýy hem-de degişli pudaklarda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hasabatda suw hojalyk meselelerini çözmek boýunça görülýän çäreler barada hem habar berildi.

Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow sebitde, şol sanda oba hojalyk ulgamynda alnyp barylýan işler we şunuň bilen baglylykda, suwdan rejeli peýdalanmagyň kämil usullaryny ornaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taslamalar bilen tanşyp, degişli ýolbaşçylaryň ünsüni oba hojalyk önümçiligi bilen baglanyşykly suw hojalyk meselelerine çekdi.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalygynda suw serişdelerini tygşytly ulanmak maksady bilen, ähli işleri – gelýän suwy akdyrmakdan başlap, ony ekin meýdanlaryna ýetirmäge çenli gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny nygtady. Şu maksat bilen, öňdebaryjy usullaryň, bu ulgamda ylmy gazanylanlaryň hem-de dünýäniň iň gowy tejribesiniň ulanylmagy esasynda düzümleýin desgalary gurmak boýunça işleri dowam etmek wajypdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdylanlary jemläp, degişli ýolbaşçylara häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna daýanyp, suw hojalyk meselelerini çözmäge hem-de bu pudagy ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işleri mundan beýläk-de kämilleşdirmäge degişli anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz şeýle hem dürli oba hojalyk önümlerini, şol sanda gök önümleri we miweleri ýetişdirmäge ylmy taýdan çemeleşmegiň zerurdygyny nygtap, gök önümleri gaýtadan işleýän ulgamyň önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de artdyrmak boýunça degişli görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk hünärmenleri we alymlary bilen bilelikde işläp, Garagum derýasynyň suwunyň tygşytly peýdalanylmagyna möhüm üns berilmelidigini aýtdy. Şeýle hem milli Liderimiz bu derýanyň ekerançylygy, bagçylygy, maldarçylygy, aýratyn-da, balykçylygy ösdürmekde möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi we bu babatda birnäçe öwüt-ündewlerini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz obasenagat toplumyny üstünlikli ösdürmek, onuň ägirt uly kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek üçin suwdan rejeli peýdalanmagyň wajypdygyny ýene-de bir gezek belläp, hemmelere öňde goýlan wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw etdi hem-de dikuçarda bu ýerden ugrady.