Ýakynda paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli «Arkadag bilen özgerýän we gülläp ösýän Aşgabat» atly dabaraly maslahat geçirildi.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň bilelikde guramagynda geçirilen dabaraly maslahata Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler Baş baýramymyz bolan Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk, gözelligi bilen görenleri haýrana goýýan paýtagtymyz Aşgabadyň bolsa 140 ýyllyk toýuna barylýan şu ajaýyp günlerde şäherimiz barha gözelleşýär. Bu günki gün owadan şäherimiz «Aziýanyň merjeni» diýen adyna eýe boldy. Howalanyp görünýän mermer binalarymyz, ajaýyp köşgi-eýwanlarymyz, durmuş maksatly salynýan beýik-beýik ymaratlarymyz, ýaşaýyş jaýlarymyz, saglyk, ylym-bilim desgalarymyz, gözel şäherimiziň içinden eriş-argaç bolup geçýän oklaw ýaly göni hem giň, arassa köçelerimiz, şeýle hem merjen paýtagtymyzyň bagy-bossanlygy ýüreklerde buýsanç duýgusyny döredýär. Aşgabat şäherimizde ýerleşýän täsin seýilgählerimiz gür baglyga, hoşboý ysly ter güllere beslenip, ynsanlarda ýakymly duýgulary oýarýar. Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ösüşlere beslenýän paýtagtymyz bu günki gün halkara forumlaryň, ylmy maslahatlaryň geçirilýän mekanyna öwrüldi. Döwlet Baştutanymyz Aşgabady mundan beýläk hem ählitaraplaýyn ösdürmek ugrunda taýsyz tagallalar edýär. Parahatçylyk söýüji ýurt hökmünde tanalýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat bu gün dünýäde ykrar edilen milli Liderimiziň tagallasy bilen ak arzuwlaryň amala aşýan ajaýyp şäherine öwrüldi diýip uly buýsanç bilen belläp geçdiler.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Türkmenistanyň at gazanan Arhitektory, zamanamyzyň meşhur Binagäri – Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, halkara ähmiýetli başlangyçlarynyň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.